Wan Damm MMA ýyldyzlary bilen ýakudza hakdaky filmde surata düşer

Düýn, 13:004,559
1 / 2
Žan-Klod Wan Damm Ýaponiýada surata düşüriljek söweş sungatyna we ýakudza garşy göreşe bagyşlanan «Katana» atly filmde baş keşbi janlandyrar. Bu barada Deadline neşiri habar berýär.
Filmiň režissýory «Ganly sport» («Bloodsport») filmi bilen tanalýan fransiýaly Žeremi Zag bolar.
Filmdäki wakalar sport karýerasyny tamamlan we şunlukda, geçmişinden sowaşan boks boýunça dünýä çempionynyň başyndan geçýär. Gyzynyň Ýakudza tarapyndan ogurlanmagy, ony halas etmek üçin ýene-de söweş ussatlygyny ulanmaga we Ýaponiýanyň jenaýat dünýäsine aralaşmaga mejbur edýär.
«Men “Ganly sportuň” güýçli söweş sahnalaryny, “Girewe alnanlaryň” dartgynly wakalaryny we “Jon Wik” filminiň joşgunly ruhuny çuňňur ynsanperwer mazmunly bir wakada birleşdirmek isleýärin» diýip, režissýor Žeremi Zag aýtdy.
Wan Damm bilen birlikde filmde söweş sungatynyň ussatlary, şol sanda ermeni MMA söweşijisi Melsik Bagdasarýan we muay-taý hem-de kikboksing boýunça dünýä çempiony, fransiýaly Siril Benzaken hem surata düşer.
Režissýoryň aýtmagyna görä, taslama dünýäniň birnäçe ýurtlaryndan dürli nesle degişli söweşijiler we çempionlar hem gatnaşar. Şeýle-de Zag Wan Dammyň esli wagtlap şeýle filmlere dolanmak islemändigini, emma bilelikde işleşenden soň, bu taslama gatnaşmaga razy bolandygyny hem nygtady.
Filmiň üstünde Division Z kompaniýasy bilen Ýaponiýanyň Wowow Bridge kinostudiýasy bilelikde işlär. Onuň surata düşürilişi 2027-nji ýylyň aprel, maý we iýun aýlarynda Ýaponiýada, Fransiýada hem-de Los-Anjelesde geçiriler.