Niderlandlaryň «Pathé» kinoteatrlar ulgamy film başlamazdan öň gipnozyň kömegi bilen tomaşaçylaryň ýadyny öçürmäge synanyşar. Kinoseans synag görnüşinde geçirilip, onuň maksady gelen adamlaryň eýýäm belli filmleri hut ilkinji gezek görýän ýaly tomaşa etmegine mümkinçilik bermekden ybarat.
«Pathé Rewind» seansy 9-njy noýabrda ulgamyň Gaagadaky kinoteatrynda geçiriler. Arzalary kabul etmek eýýäm başlandy — sowalnamada kinoda görkeziljek dört filmden birini bellemek gerek: «Matrisa», «Ýedi», «La-La Lend» we «Interstellar». Guramaçylar 18 ýaşdan geçen bary-ýogy 30 tomaşaçyny saýlap alar. Tomaşaçylar iki gezek gipnoza sezewar ediler: onlaýn we gönüden-göni kinoteatrda filmi görmezden öň.
Bu synanyşygyň başa barjakdygyny ýa-da ýokdugyny entek guramaçylaryň özleri hem bilenok. Synagyň netijesinde «Pathé» kompaniýasy eýýäm belli bolan filmi ilkinji gezek görýän ýaly duýgyny gaýtadan başdan geçirip bolarmy diýen soraga jogap tapmak isleýär.
«Siz her bir sahnany, her bir sýužet öwrümini we, belki, her bir replikany ýatdan bilýänsiňiz. Ýöne bir pursatlyk bularyň hemmesini unudyp bilseňiz nähili bolarka? Hiç hili deslapky bilim, hiç hili garaşylýan zat ýok. Diňe ilkinji gezek başyňyzdan geçen şol bir tolgunma we geň galyjylyk» diýip, guramaçylar belleýär.
Bu ylmy däl-de, degişme häsiýetli marketologik synagdyr. Taslama «Pathé» kompaniýasynyň tomaşaçylary kinoteatrlara çekmek boýunça giň göwrümli meýilnamasynyň bir bölegidir. Kompaniýa gelýän adamlara hemişe «filmleri görmegiň özboluşly tejribesini» hödürlemegiň ýollaryny gözleýändigini nygtaýar.