PUBG oýnunyň esasynda serial dörediler

31.10.2026, 16:202,207

Netflix striming hyzmaty PUBG: Battlegrounds wideooýnuny serial görnüşinde ekrana geçirmek işlerine resmi taýdan badalga berdi. Bu barada «Deadline» neşiri habar berýär.

Baş keşbi ýerine ýetiriji, režissýor, ssenariçi we prodýuser hökmünde «Kursdaşlar», «Atlanta» hem-de «Jenap we hanym Smit» seriallary boýunça tanalýan Donald Glower çykyş eder. Oňa dogany Stiwen Glower kömek eder.

PUBG (PlayerUnknown’s Battlegrounds) oýny 2017-nji ýylda Koreýanyň Krafton kompaniýasy tarapyndan Steam platformasynda çykarylypdy. Sýužet boýunça, 100-den gowrak oýunçy ada gelip, diri galmak we ýeňiji bolmak maksady bilen ýarag gözleýär hem-de garşydaşlaryny ýok etmäge başlaýar.

Mundan başga-da, Netflix «Assassin’s Creed» we «Gears of War» ýaly oýunlary hem ekrana geçirmegiň üstünde işleýär.