Özbegistan kino önümçiligine emeli aňy ornaşdyrmagy meýilleşdirýär

Şu gün, 07:501,113

Özbegistanda film döretmek işine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Prezident Şawkat Mirziýoýew kino pudagynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda bu ugurda hyzmatdaşlyk maksatnamasyny bir aýyň dowamynda taýýarlamagy tabşyrdy.

Maksatnamada täze okuw ugurlaryny döretmek, hünärmenleri taýýarlamak we pudak işgärleriniň hünär derejesini daşary ýurtlarda ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.

Filmleri döretmekde emeli aňyň haýsy tehnologiýalarynyň ulanyljakdygy entek anyk däl. Şeýle hem täze tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin zerur serişdeleriň haýsy çeşmeleriň hasabyna maliýeleşdiriljekdigi barada maglumat berilmedi.