Fransiýada emeli aň bilen awtordaşlykda döredilen eserler üçin Prix Pascal de Littérature IA atly edebiýat baýragy döredildi. Baýrak edebiýatda emeli aňyň ulanylmagy, şol sanda Fransiýanyň abraýly edebiýat baýraklarynyň bäsleşikleri bilen bagly dowam edýän giň seslenmeli jedelleriň alnyp barylýan döwründe döredildi.
Bu çekişmeleriň esasy sebäpleriniň biri kanada-gaitili ýazyjy Telison Orelýeniň işi boldy. Munda awtoryň «Ýa-ha şeýle, ýa-da ölmeli» (C’était ça ou mourir) atly romanyny emeli aň ulanyp ýazandygy güman edildi. Ýazyjynyň kanadaly neşirçisi kitabyň taýýarlanyşynda neýroulgamlaryň ulanylandygyny tassyklady we ýazyjy bilen hyzmatdaşlygyny bes etdi.
Orelýeniň özi bolsa bu aýyplamalary ret etmegini dowam etdirýär. Ol, esasan, taryhy maglumatlar bilen işlemekde emeli aň gurallaryny ulanandygyny aýdýar. Ýöne, muny diýseň, Fransiýanyň kanunçylygy-da edebi eserleri döretmekde emeli aňdan peýdalanmagy gadagan etmeýär.
Prix Pascal baýragynyň guramaçylary awtorlara algoritmleriň haýsy görnüşde kömek edendigini açyk görkezmegi teklip edýär. Gatnaşyjylar golýazma bilen birlikde tehniki maglumatlar toplumyny hem tabşyrmaly. Özi-de ýazyjylara ChatGPT, Claude, Gemini we LLaMA ýaly esasy dil modelleriniň ählisini ulanmaga rugsat berilýär.
Baýragy esaslandyryjylaryň pikiriçe, bu başlangyç adam bilen maşynyň bilelikde işleýän şertlerinde edebi eser diýip nämä düşünmelidigini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolmalydyr. Fransuz dilinde ýazýan ähli awtorlar raýatlygyna we ýaşaýan ýerine garamazdan bäsleşige gatnaşyp bilerler. Gatnaşmak üçin neşirýat bilen şertnamanyň bolmagy-da hökmany däl.
Guramaçylar bäş adamdan ybarat eminler toparynyň düzümini oktýabr aýynyň ahyryna çenli yglan etmegi, 2026-njy ýylyň laureatyny bolsa dekabr aýynyň ortalarynda mälim etmegi wada berýärler. Baýragyň pul görnüşindäki sylagy ýok, ýöne ýeňijä kitabyny neşir etdirmekde ýardam berler.
Baýrak fransuz matematigi we filosofy Blez Paskalyň hormatyna atlandyryldy.