Fransiýada surat üçin heniz munça pul tölenmändi: Moneniň «Irisleri» €50 milliona satyldy

Şu gün, 14:35411

Fransuz suratkeşi Klod Moneniň «Irisler» atly eseri Parižde geçirilen Sotheby's auksionynda komissiýa tölegini goşmak bilen, 50 million ýewro satyldy. Auksion öýüniň maglumatyna görä, bu Fransiýada auksion arkaly sungat eseri üçin tölenen iň ýokary bahadyr. Bu barada BFMTV neşiri habar berýär.

Satuwdan öň eseriň bahasy 22–30 million ýewro aralygynda kesgitlenipdi. Ölçegi 1,6 × 1,8 metre deň bolan sungat eseri ilkinji gezek köpçülige görkezildi. Ol uzak ýyllaryň dowamynda Şlýumberželer maşgalasynyň Pariždäki köşgünde saklanypdyr. Şonuň üçin sungat muşdaklary bu eseri diňe ak-gara fotosuraty boýunça bilýärdiler.

Sotheby's France auksion öýüniň döwrebap we häzirki zaman sungaty bölüminiň bilelikdäki ýolbaşçysy Toma Bomparyň aýtmagyna görä, Žanna Şlýumberže (1889–1983) bu suraty nakgaşyň garyndaşlaryndan satyn alypdyr. Ol hanym Şlýumberžäni zehinli kolleksioner hökmünde häsiýetlendirdi.

Hut şol gün halkara derejede ikinji iri auksion öýi bolan britan Christie's-de hem söwdalar geçirildi. Bu auksionda 26 sany sungat eseri komissiýa tölegini goşmak bilen, jemi 41,6 million ýewro satyldy.

Iň gymmat bahadan satylan eserleriň arasynda Moneniň ýene iki işi bar. «Purwildäki gaýalaryň gyrasy» atly peýzaž 12,7 million ýewro, «Çigildemli üç küýze» atly surat bolsa 3,1 million ýewro satyldy.