ABŞ-nyň A24 kinostudiýasy meşhur «Elden Ring» wideooýnunyň esasynda çeper film düşürýär. The Wall Street Journal neşiriniň habar bermegine görä, filmiň önümçilik çykdajylary mahabat üçin sarp ediljek serişdeleri hasaba almazdan, 200 mln dollara golaýlaýar. Şeýlelikde, ol studiýanyň taryhyndaky iň gymmat taslama bolar.
Mundan öň bu ugurda rekord, takmynan, 70 mln dollar çykdajy edilen «Marty Magnificent» filmine degişlidi. Deňeşdirip aýtsak, mundan öň studiýanyň iň köp girdeji gazanan filminiň býujeti bary-ýogy 10 mln dollar bolupdy. Köplenç, uly bolmadyk awtorlyk filmleri bilen tanalýan A24 studiýasy ilkinji gezek şeýle uly möçberli taslama girişýär.
Önümçiligiň gerimine garamazdan, filmi döredijiler studiýa mahsus bolan özboluşly çeperçilik usulyny saklamagy maksat edinýärler. Filmde baş keşpleri Keýli Speni we Ben Wişou ýerine ýetirer. Şeýle hem Nik Offerman we Piter Serafinowiç surata düşýär.
Filmiň sýužeti häzirlikçe aýan edilmedi. Taslamanyň režissýory Aleks Garlend bu oýnuň muşdagydygyny hem-de ony eýýäm ýedinji gezek oýnaýandygyny belläpdi.
Filmiň ilkinji görkezilişi 2028-nji ýylyň 3-nji martyna meýilleşdirilýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna salgylansaň, esasy surata düşüriş işleri eýýäm tamamlanypdyr.