Amerikan şäherine ýabany haýwanlar çozýar: Sony Pictures «Jumanji 3-üň» treýlerini görkezdi

Düýn, 17:073,534
1 / 3

«Sony Pictures» kompaniýasy «Jumanji» franşizasynyň täzeçe düşürilen üçünji bölüminiň — «Jumanji-3: Beýik gaçyş» filminiň täze treýlerini hödürledi.

Filmiň ilkinji görkezilişi 25-nji dekabra meýilleşdirilýär.

Filmiň wakalaryna görä, tehniki näsazlyk wideooýun bilen hakyky dünýäniň arasyndaky araçägi ýok edýär. Bu bolsa ýabany haýwanlaryň şäher köçelerinde peýda bolmagyna getirýär.

Režissýor hökmünde öňki iki bölümi hem surata düşüren Jeýk Kezdan çykyş edýär. Filmde baş keşpleri Dueýn Jonson, Kewin Hart, Jek Blek we Karen Gillan dagy ýerine ýetirdiler.

Robin Wilýamsyň baş keşpde çykyş eden ilkinji «Jumanji» filmi 1995-nji ýylda ekrana çykdy. Onda oýnuň dowamynda bolup geçýän wakalary hakykata öwürýän syrly stol oýny barada gürrüň berilýärdi.

2017-nji ýylda Kezdan «Jumanji: Jeňňele hoş geldiňiz» filmi bilen franşizany täzeden janlandyrdy. Film dünýä kassa ýygymynda 962,5 million dollar gazandy. 2019-njy ýylda çykan «Jumanji: Indiki tapgyr» atly bu filmiň dowamy bolsa ýene 801,6 million dollar girdeji getirdi.