Lionel Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragyna mynasyp boldy

Şu gün, 14:462,580
1 / 6

«Altyn topuň» sekiz gezek eýesi Lionel Messi sporty ösdürmäge goşan goşandy üçin Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy. Bu barada baýragyň gaznasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Sylaglama dabarasy anna güni Ispaniýanyň Owýedo şäherindäki «Kampoamor» teatrynda geçirildi.

Asturiýa şa gyzynyň baýragy 1980-nji ýyldan bäri gowşurylýar. 2025-nji ýylda sport kategoriýasy boýunça bu baýragy amerikaly tennisçi Serena Wilýams alypdy. Ozalky eýeleriniň arasynda ispan futbolçylary Iker Kasilýas we Hawi, şeýle hem 2002-nji we 2010-njy ýyllaryň dünýä çempionatlaryndaky ýeňişlerinden soň bu sylaga mynasyp bolan Braziliýanyň we Ispaniýanyň milli ýygyndylary bar.

Messi 39 ýaşynda, ol 2023-nji ýyldan bäri «Inter Maýami» amerikan klubunda çykyş edýär. Ozal argentinaly hüjümçi «Barselona» we Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» klublarynda oýnady.

Messi öz sport karýerasynda 48 kubok utdy, şol sanda 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynda Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýä çempiony boldy.