Türkmenistanyň «Ahal» futbol kluby AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň soňky duşuşygynda Liwanyň «Al-Ansar» toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Şeýle-de bolsa, topar çärýek finala çykyp bilmedi.
Üçünji tapgyryň duşuşygy Butanyň Thimphu şäherindäki «Çanglimithang» stadionynda geçirildi.
«Ahal» 45-nji minutda hasaby açdy, Begenç Mämiýew penalti urgusyny dürs ýerine ýetirdi. Liwanly topar 63-nji minutda Majed Osmanyň golundan soň hasaby deňledi. 77-nji minutda bolsa owadan kombinasiýadan soň Suleýman Mirzoýewiň assist etmeginde Ýakupmuhammet Gowşudow türkmen klubunyň ikinji goluny geçirip, topara ýeňiş getirdi.
Bu ýeňliş «Al-Ansar» üçin toparçalaýyn tapgyrdaky ilkinji şowsuzlyk boldy.
Üçünji tapgyryň beýleki duşuşygynda siriýaly «Al-Ittihad» topary Butanyň «Paro» klubuny 2:1 hasabynda ýeňdi.
«Ahal» mundan öňki duşuşyklarynda «Paro» bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnady. Soňra bolsa «Al-Ittihaddan» 1:5 hasabynda uly tapawut bilen ýeňildi. Hut şu agyr ýeňliş türkmen toparynyň ýaryşy dowam etdirmegine päsgel berdi.
Üç tapgyryň netijesinde «Al-Ansar» bilen «Al-Ittihad» toparlarynyň hersi 6 utuk toplady. «Ahalyň» hasabynda 4, «Paronyň» hasabynda bolsa 1 utuk boldy. Netijede, «Ahal» toparçada üçünji orny eýeläp, ýaryşdaky çykyşyny tamamlady.