Aşgabatda 10 000 manat pul baýragy bilen küşt boýunça Türkmenistanyň Kubogy geçiriler

Şu gün, 08:011,438

22-nji oktýabrdan 1-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherindäki Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde küşt boýunça Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogy geçiriler. Bäsleşikde tejribeli grossmeýsterler, geljegi uly ýaş türgenler hem-de sport weteranlary öz ussatlygyny görkezer.

Türgenler küşt oýnunyň üç görnüşi — nusgawy küşt, çalt (rapid) we juda çalt (blitz) boýunça bäsleşer. Ýaryşyň umumy baýrak gaznasy 10 000 manada deň bolup, «A» kategoriýasynda birinji, ikinji we üçünji orunlary eýelän türgenlere, degişlilikde, 3000, 2000 we 1000 manat möçberinde pul baýraklary berler.

«B» kategoriýasynda bolsa baýrakly orunlara mynasyp bolan küştçüler, degişlilikde, 500, 300 we 200 manat alar. Şeýle hem zenan küştçüler, sport weteranlary hem-de dürli ýaş toparlary üçin ýörite pul baýraklary göz öňünde tutulýar.

Bu ýaryş türgenler üçin hünär mümkinçiliklerini açýar. Öz kategoriýalarynda ýeňiji bolan we ýokary netijeleri görkezen küştçüler 2027-nji ýylda geçiriljek Türkmenistanyň Ýokary ligasynda çykyş etmäge hukuk gazanar. Çalt (rapid) we juda çalt (blitz) görnüşleri boýunça iň güýçli oýunçylar bolsa halkara ýaryşlarynda ýurda wekilçilik etmäge mümkinçilik alar.