Nicklaus Companies Türkmenistanyň dürli sebitlerinde golf meýdançalaryny gurmaga taýýar

Şu gün, 16:062,705
1 / 2

Arkadag şäherinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap golf meýdançalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Nicklaus Companies-iň ýolbaşçysy Jon Riz türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşykdan soň aýtdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde aýdylyşy ýaly, duşuşykda Türkmenistanda sportuň golf görnüşini ösdürmek, döwrebap golf meýdançalaryny gurmak we olaryň taslamalaryny durmuşa geçirmäge girişmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanda ýokary netijeli sportuň, dynç alyş ulgamynyň we syýahatçylygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurtda golf sportunyň häzirki zaman düzüminiň döredilendigini we golfçularyň täze nesliniň kemala gelýändigini aýtdy.

Jon Riz halkara gatnaşyklary ösdürmek üçin degişli kanunçylyk binýady üpjün edilen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň özleri üçin uly hormatdygyny nygtady.

Aşgabat şäherinde gurlan golf meýdançasynyň ýaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolandygyny aýdyp, Gurbanguly Berdimuhamedow täze golf meýdançalaryny gurmak babatynda hyzmatdaşlygyň ägirt uly geljeginiň bardygyna ünsi çekdi.

Nicklaus Companies-iň ýolbaşçysy ýurduň dürli künjeklerinde golf meýdançalaryny gurmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Nicklaus Companies bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň ýurtda golf sportuny ösdürmäge we wagyz etmäge ýardam berjekdigini belläp, Jon Rize alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi.