Türkmen okuwçylary we türgenleri 2026-njy ýylyň dokuz aýynyň dowamynda halkara ýaryşlarda ýüzlerçe baýraklary gazandy. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow habar berdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Wise-premýeriň aýtmagyna görä:
- okuwçylar we talyp ýaşlar halkara bilim bäsleşiklerinde jemi 1040 medal gazandy;
- türgenler halkara ýaryşlarda 554 medala mynasyp boldy.
Hasabatda bellenilişi ýaly, ýurtda bilim ulgamyny ösdürmek we okatmagyň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak boýunça işler dowam edýär.
Birinji synp okuwçylaryna döwlet ýolbaşçylarynyň adyndan noutbuk kompýuterleri gowşuryldy. Aşgabatda we welaýatlarda täze bilim edaralary, şol sanda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlary açyldy.
Mundan başga-da, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça degişli işler yzygiderli geçirildi.
Serdar Berdimuhamedow bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegi hem-de ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.