Türkmen türgeni Möminjan Arzykulow Daşkentde geçirilen sambo boýunça dünýä çempionatynda altyn medal gazandy. Ol 71 kg çenli agram derejesinde söweş sambosy boýunça ýaryşyň ýeňijisi boldy.

Finalda Arzykulow ukrainaly Andreý Kuçerenkony ýeňdi. Bürünç medallara ermenistanly Arsen Awedisýan we gazagystanly Niýathan Toleuhan mynasyp boldy.

58 kg çenli agram derejesinde çykyş eden Ahmet Taňryberdiýew we 50 kg çenli agram derejesinde Gurbanaý Gurbanowa hem Türkmenistanyň ýygyndy toparyna ýene iki bürünç medal getirdi.

Ýaryşyň ilkinji gününde 64 kg çenli agram derejesinde erkekleriň arasynda Türkmenistanyň başga bir wekili — Sanjarbek Öwezberdiýew altyn medal alypdy.
Ýubileý dünýä çempionaty Daşkentde 6–8-nji noýabr aralygynda geçirildi. Ýaryşa 101 ýurtdan türgenler gatnaşdy — bu Halkara sambo federasiýasy (FIAS) üçin rekord görkezijidir.
Ýaryşy FIAS-yň prezidenti Wasiliý Şestakow açdy. Çagyrylan myhmanlaryň arasynda sambonyň ilçileri Fýodor Ýemelýanenko we Islam Mahaçew hem bardy.
FIAS-yň taryhynda ilkinji gezek çempionatyň maksatnamasyna kör zenanlaryň arasyndaky sambo ýaryşlary hem goşuldy.