Didarbek Jumabaýew üç dünýä rekordyny goýdy

Şu gün, 15:571,036

Hytaý Halk Respublikasynyň Ninbo şäherinde dowam edýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ýene bir türkmen türgeni – Didarbek Jumabaýew täze rekordlaryň eýesi bolmagy başardy.

Ozal bu ýaryşda Türkmenistanyň milli ýygyndysyndan Şabnam Kerimbaýewa ýetginjekleriň arasynda iki dünýä rekordyny goýupdy. Didarbek bolsa ýaşlaryň arasynda üç dünýä rekordyny täzeledi.

31-nji oktýabrda erkekleriň arasynda 79 kg çenli agram derejesinde çykyş eden Didarbek Jumabaýew silterläp götermekde 152 kg, itekläp götermekde 188 kg we iki görnüşiň jemi boýunça 340 kg netije görkezip, 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda üç dünýä rekordyny hasaba aldyrdy. Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) maglumatyna görä, 14 ýaşyndan bäri halkara ýaryşlara gatnaşyp gelýän Didarbek öz agram derejesinde iň ýaş türgen bolmak bilen, güýçlüleriň ýediligine girdi.

Mundan başga-da, Halkara agyr atletika federasiýasy dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň ortaça ýaşyny (20 ýaş 7 gün) çempionatyň tutuş taryhyndaky iň ýaş düzümleriň biri hökmünde belledi.

500-den gowrak türgeniň gatnaşmagynda 8-nji noýabra çenli dowam etjek bu dünýä çempionaty 2028-nji ýylda ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde geçiriljek XXXIV tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryşlaryň ilkinjisidir. Ýaryşda Türkmenistanyň milli ýygyndysyna on türgen wekilçilik edýär.