Türkmen agyr atletikaçysy Şabnam Kerimbaýewa Hytaýyň Ninbo şäherinde geçirilýän agyr atletika boýunça 91-nji dünýä çempionatynda ýaşlaryň arasynda iki dünýä rekordyny goýdy. Bu barada Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) habar berdi.
57 kg çenli agram derejesinde (W57) türgen silterläp götermekde 89 kg agramy göterdi. Bu netije ýaşlaryň arasynda täze dünýä rekordy boldy. Mundan başga-da, Kerimbaýewa iki görnüşiň jemi boýunça 201 kg görkezip, ýene bir rekordy goýdy. Ol itekläp götermekde 112 kg netije bilen çykyş etdi.
Dünýä çempionaty 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry — 8-nji noýabry aralygynda geçirilýär. Ýaryş 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryşyň ilkinji tapgyrydyr.
Dünýä birinjiliginde Türkmenistana on sany türgen wekilçilik edýär. Zenanlar ýygyndysyna Ogulşat Amanowa (53 kg çenli), Şabnam Kerimbaýewa (57 kg çenli), Medine Amanowa (69 kg çenli), Gülälek Kakamyradowa (77 kg çenli) we Anamjan Rustamowa (86 kg çenli) girdi.
Erkekler ýygyndysyna bolsa Bektimur Reýimow we Didarbek Jumabaýew (iki türgen hem 79 kg çenli), Gaýgysyz Töräýew (85 kg çenli), Rüstem Annaberdiýew (95 kg çenli) hem-de Şahzadbek Mätýakubow (110 kg çenli) wekilçilik edýär.