Türkmen türgeni Dawut Nazmyradow Russiýanyň paýtagty Moskwada tamamlanan «Moskwa – Karate älemi 2026» atly abraýly halkara ýaryşynda bürünç medala mynasyp boldy.
Moskwanyň Sport departamenti bilen Russiýanyň Karate federasiýasy tarapyndan Irina Winer adyndaky Gimnastika köşgünde guralan ýaryşa 46 ýurtdan 348 türgen, şol sanda Olimpiýa oýunlarynyň baýrak eýeleri hem-de dünýä we yklym çempionlary gatnaşdy.
Türkmenistanyň Karatedo federasiýasynyň habar bermegine görä, Balkanabat şäherinden bolan 22 ýaşly sport ussatlygyna dalaşgär Dawut Nazmyradow 75 kg çenli agram derejesinde hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy. Ol toparlaýyn aýlaw tapgyrynda yrakly Said Brýar bilen deňme-deň (5:5) tutluşyp, russiýaly Iwan Sokolowy (4:0) we serbiýaly Nikola Kaplarewiçi (2:0) ýeňdi. 1/8 final tapgyrynda eýranly Morteza Nematä garşy tutluşykda ýeňlen hem bolsa, çykyşyny dowam etdirip, russiýaly Dmitriý Solkomondan 3:0, bürünç medal ugrundaky tutluşykda bolsa özbegistanly Mamaýusuf Mukimjonowdan 3:1 hasabynda üstün çykdy.
Dawut Nazmyradow 2022-nji ýylda 18–24 ýaş aralygyndaky türgenleriň arasynda Türkmenistanyň çempiony bolup, Berlindäki «Banzai International Cup» ýaryşynda we Çehiýada geçirilen dünýä çempionatynda 21 ýaşa çenli türgenleriň arasynda baýrakly orunlary eýeledi. Ol 2024-nji ýylda Manila hem-de Hançžou şäherlerinde geçirilen Aziýa çempionatlarynyň bürünç medallaryny, Ürgençdäki «Uzbekistan Open» ýaryşynyň we Samarkantdaky Merkezi Aziýa çempionatynyň altyn medallaryny gazandy.
Şu güýzde bolsa türgen Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde geçirilen XX tomusky Aziýa oýunlarynda kümüş medala mynasyp boldy.
Ýaş türgeniň gazanan bu üstünliklerinde Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Aýdyň Çaryýewiň uly goşandy bar. Bäşinji gezek geçirilen «Moskwa – Karate älemi 2026» ýaryşy halkara gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de türgenler üçin uly tejribe toplamaga uly mümkinçilik boldy.