Hytaýly telekeçi motosiklde derýanyň ýüzi bilen tas 41 km ýol geçdi

Şu gün, 11:551,834
1 / 4

Hytaýly telekeçi Çžan Sýue ýörite kämilleşdirilen motosikl bilen derýanyň ýüzünden 40,74 kilometr geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Synag Hunan welaýatynyň Maýan etrabynda geçirildi. Ol bu aralygy, takmynan, 32 minutda geçmegi başardy.

«Zhang Xue Motor» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Çžan synaga kuwwaty 60 at güýjünden ýokary bolan MX450 motosikli bilen gatnaşdy. Inženerler motosikli suwuň ýüzünde hereket etmäge uýgunlaşdyrmak üçin, oňa ýüzgüçleri we ýörite lyžalary oturtdylar, ýangyç çeleginiň göwrümini ulaldyp, hereketlendirijini suwdan goramak üçin işleri geçirdiler. Yzky tigre oturdylan pilçeler hereket üçin zerur güýji üpjün etse, gurluşyň öň tarapy motosikli dolandyrmaga mümkinçilik berdi.

Sürüji synag wagtynda bellenilen ugruň sekiz böleginden geçip, ýedi gezek öwrüm etdi. Ondan öňki rekord, takmynan, 31,8 kilometre deňdi.

Telekeçi bu üstünlige ýetmek üçin 17 ýylyny sarp etdi. 2009-njy ýylda, 22 ýaşyndaka, ol özbaşdak guran motosikli bilen suw päsgelçiliginden geçmäge synanyşypdy. Emma dört synanyşygyň ählisi onuň suwa gaçmagy bilen tamamlandy. Şonda onuň geçip bilen iň uzak aralygy bary-ýogy 20 metre deň bolupdy.

Bu gezek Çžanyň topary birnäçe aýlap motosikliň gurluşyny kämilleşdirdi we dürli synaglary geçirdi. Esasy üns motosikliň suwda ýüzüp bilmegine, suw geçirmezligine we durnuklylygyna gönükdirildi.

Bellenen pellehana ýetenden soň, telekeçi gazanan netijesine 100 baldan 99 bal berdi. Ol munuň sebäbini özüne aşa göwnüýetijilikli bolmazlyk üçin bir baly bilkastlaýyn goýandygy bilen düşündirdi. Çžanyň aýtmagyna görä, ol howpsuzlygy hemme zatdan ileri tutup, motosikliň iň ýokary tizlige çykmagyna ýol bermändir.