27 ýaşly ispaniýaly Diego Ponsele «dik duran ýagdaýda» skeýtbortda ýapgytdan inmegiň tizligi boýunça dünýä rekordyny goýdy. Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri 151,83 km/sag netijäni hasaba aldy.
Rekord goýmak synanyşygy Kanadanyň Kwebek welaýatynyň Şarlewua sebitindäki «Route des Éboulements» awtomobil ýolunyň ýapyk böleginde geçirildi. Ýoluň uzynlygy 2 km töweregi bolup, iň ýokary ýapgydy 18% bolan 600 metrlik göni bölegi öz içine alýar. Bu ýerde, hatda sähelçe nädogry hereket hem skeýtbordçyny deňagramlylykdan çykaryp bilýär. Ozalky rekord hem hut şu ýerde goýlupdy.

Birinji gün türgen sagatda 146,88 km tizlige çenli ýetmegi başardy, ýöne bu netije ony kanagatlandyrmady. Bäş günden soň ol gaýtadan synanyşyp, sagatda 150 km tizlikden geçmegi başardy.
Rekord synagyna taýýarlyk birnäçe ýyla çekdi. Munuň üçin Ponsele aerodinamiki taraplary öwrenip, skeýtborddaky duruş ýagdaýyny we zerur howa şertlerini seljerip gördi, hatda Ženewadaky aerodinamiki turbada tejribeleri geçirdi.
Synanyşykda Diego howa akymlarynyň päsgelçiliksiz geçmegini üpjün edýän matadan tikilen aerodinamiki geýimi geýdi. Arkasyndaky spoýler bolsa ýokary tizlikde howanyň garşylygyny goşmaça peseltmäge mümkinçilik berdi.
Diego Ponsele Meksikada doguldy, ýöne Ispaniýada we Şweýsariýada ulaldy. Dünýä rekordynyň goýulmagy onuň üçin täze üstünlik boldy. Ol skeýtbordda ýapgytdan tiz inmek boýunça iki gezek dünýä çempionydyr.