11 ýaşly britaniýaly gyzjagaz taryhda iň ýaş zenan grossmeýster boldy

Şu gün, 09:451,718
1 / 3

Beýik Britaniýadan 11 ýaşly küştçi gyzjagaz Bodhana Siwanandan taryhda zenanlaryň arasynda iň ýaş grossmeýster boldy. Bu barada BBC habar berýär.

Siwanandanyň şu wagta çenli gatnaşan iň soňky ýaryşy Samarkantda geçirilen Küşt olimpiadasy boldy. Ol Angliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde çykyş edip, 11 oýunda 8 utuk toplady.

Siwanandan küşt oýnamagy 2021-nji ýylda, COVID-19 pandemiýasy döwründe özbaşdak öwrenip başlaýar. Muňa garamazdan, eýýäm 2022-nji ýyldan başlap, halkara ýaryşlara gatnaşmaga girişýär.

Zenan grossmeýster derejesi küştde diňe zenanlara berilýän iň ýokary derejedir. Ol küştçä ömürlik berilýär.

Britan gyzjagazyndan öň zenanlaryň arasynda iň ýaş grossmeýster Ýekaterina Lagno bolupdy. Ol bu ada 2007-nji ýylda, 12 ýaşynda eýe boldy. Şol döwürde ol Ukrainanyň adyndan çykyş edýärdi, soňra bolsa Russiýa wekilçilik edip başlady.

Erkeklere-de, zenanlara-da berlip bilinýän umumy grossmeýster derejesini alan iň ýaş küştçi bolsa, häzire çenli hytaýly Hou Ýifan bolup galýar. Ol bu ada 14 ýaşynda eýe boldy.