Günorta afrikaly türgen Tomas wan Tonder ýurtda ýerleşýän Blukrans köprüsiniň aşagynda ýerleşdirilen 600 sany kese germewden aslyşyp geçdi. Bu synag 26-njy oktýabrda Red Bull Bridge Bars taslamasynyň çäginde geçirildi.
Türgen 280 metrden gowrak bu aralygy 47 minut 37 sekuntda geçmegi başardy.
Blukrans köprüsi Günbatar Keýp we Gündogar Keýp welaýatlaryny birleşdirýär. Ol 216 metr beýiklikde ýerleşip, derýanyň üstünden geçýär. Köpri beýiklikden tanaply bökülýän ýer (bangi-jamping) hökmünde hem meşhurdyr.
Ýörite enjamlaşdyrylan geçelge köpriniň arkasy boýunça gurnalypdyr. Ilki, türgen 45 gradus ýapgytlyk bilen ýokary galmaly, soňra depedäki gysga, kese bölegi geçmeli we ahyrynda aşak inmeli boldy. Ol şonça aralygy aslyşyp, bir kese germewden beýlekisine geçdi.
Geçmesi iň kyn bölek köpriniň uzak wagtlap ýokary galynýan ýeri boldy. Türgen bary-ýogy 13 minutdan soň ýadap başlady. Ol tekizräk bölege ýetende-de, ýadawlykdan ýaňa öňki tizligini saklamagy başarmady. Ünsüni jemlemek üçin, ol galan aralygy ownuk böleklere bölüp geçdi we her bir aralyk nokada ýetende, bu barada rasiýa arkaly kömekçisi Riçard Liwaarta habar berdi.
Türgene aşak inmek hem aňsat düşmedi. Ol hereket tizligini we bedenini gözegçilikde saklamak bilen birlikde, germewlerden berk ýapyşmaly boldy. Ýol dowam etdigiçe, onuň barmaklaryna saralan gorag lentasy sypyrylyp, myşsalaryndaky ýadawlyk barha artdy.
Soňky 20 metr aralygy geçmegiň has hem kyn bolandygyna garamazdan, wan Tonder synagy üstünlikli tamamlady.
Türgeniň aýtmagyna görä, ol öň hiç haçan şeýle ýoldan geçip görmändir. Bu synagyň üsti bilen bolsa, ol başarjaňlygyny özüne subut etmek isläpdir.