1–10-njy noýabr aralygynda Türkmenabat şäherinde küşt boýunça Türkmenistanyň Gran-pri ýaryşynyň ikinji tapgyry geçirildi. «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde geçirilen bäsleşiklere ýurduň dürli künjeginden 181 türgen gatnaşdy.
Ýaryş şweýsar ulgamy boýunça dokuz tapgyr dowam etdi. Açyk kategoriýada 125 küştçi, zenanlaryň arasynda bolsa 56 türgen çykyş etdi. Gatnaşyjylar birnäçe ýaş toparlarynda bäsleşdi.
Açyk ýaryşyň esasy garaşylmadyk wakasy Dänew etrabyndan 12-nji synp okuwçysy — sport ussatlygyna dalaşgär Şageldi Gurbandurdyýewiň (reýtingi 2152) ýeňşi boldy. Ol mümkin bolan 9 utukdan 8 utuk toplap, has ýokary reýtingli bäsdeşlerinden — Ilhan Çaryýewden (7,5 utuk) we FIDE ussady Mergen Kakabaýewden (7 utuk) ynamly öňe saýlandy.
Zenanlaryň arasynda birbada iki küştçi 8 utuk toplady. Goşmaça görkezijiler boýunça Mary welaýatynyň wekili Jennet Ýalkanowa ýeňiji boldy, kümüş medala bolsa «Küşt älemi» akademiýasyndan ýaş küştçi Nurana Söýünowa mynasyp boldy. Bürünç medaly Lebap welaýatyndan küştçi 16 ýaşly Mähri Agamyradowa aldy.
Şeýle-de ýaryşlarda ýedi ýaş toparynyň hersi boýunça iň güýçli küştçüler kesgitlendi.