Madridiň «Real» futbol kluby La Liganyň prezidenti Hawýer Tebasyň klub baradaky aýdan sözlerinden soň, oňa garşy resmi beýanat bilen çykyş etdi.
Muňa «Real» topary «Atletikodan» 1:2 hasaby bilen utulandan soň, Ispaniýanyň çempionatynyň ýolbaşçysynyň Madrid klubunyň telewideniýesiniň eminlere basyş edýändigi baradaky sözleri sebäp boldy.
«Patyşalyk kluby» şeýle tankydy ýokary derejedäki sport wekili üçin ýol berilmesiz diýip hasaplady. Klubda Tebasyň öz wezipesini «Reala» hüjüm etmek üçin ulanýandygy we topary tankydyň hemişelik nyşanasyna öwürýändigi bellenildi.
«Onuň soňky aýdanlary, aýratyn-da, çynlakaý we düşnüksiz bolup, ol jogapkär ýolbaşça mahsus däl, çünki olar sanly neşirde garaşsyz žurnalistiň makalasyna jogap hökmünde aýdyldy. Ýöne ol biziň klubumyza garşy çykyş edýär we biziň sport strategiýamyz baradaky teswirlere çenli baryp ýetýär, bu bolsa bütinleý ýerliksiz we jogapkärçiliksizdir.
La Liganyň prezidentiniň öz wezipesiniň jogapkärçiliginden ugur alyp, ýaryşyň tarapgöýsizligini üpjün etmeli edaralara bolan ynamy berkitmäge ýardam etmegiň deregine, öz wagtyny we şahsy platformalaryny «Real Madridi» köpçülikleýin abraýdan düşürmek synanyşyklaryna sarp edýändigi diýseň geň galdyrýar. Munuň bilen ol biziň ýaryşlarymyzyň we ispan futbolynyň bütin dünýädäki abraýyna hem zyýan ýetirmegini dowam etdirýär».

Şeýle hem «Realda» Ispaniýanyň professional futbolyna bitaraplygy saklajak we ähli klublaryň bähbitlerine hyzmat etjek ýolbaşçynyň gerekdigi nygtaldy. Madrid toparynyň pikiriçe, La Liganyň prezidenti «ýaryşyň eýesi» hökmünde däl-de, klublar tarapyndan ýolbaşçylyk ynanylan dolandyryjy hökmünde çykyş etmelidir.
«Wagtyň geçmegi bilen dowam edýän bu ýerliksiz hereketi göz öňünde tutup, biz Ispaniýanyň professional futboly ony dolandyrmaga we esasy bitaraplyk borjy bilen onuň doly mümkinçiligini ösdürmäge ukyply lidere gyssagly mätäç diýip hasaplaýarys» diýlip, «Realyň» resmi saýtynda ýazyldy.