Saýlanan şäher
1 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
18.06.2026 10:36
4.7k+
«Real» Bernardo Silwany alandygyny mälim etdi
Madridiň «Realy» ýarymgoragçy Bernardo Silwanyň toparyna goşulandygyny yglan etdi. Portugaliýaly futbolçy şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň «Mançester Sitini» terk etdi we karýerasyny Ispaniýada dowam...
16.06.2026 10:04
6.1k+
«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi
Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen.
12.06.2026 18:20
5k+
Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy
Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär.
10.06.2026 19:10
7.2k+
«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy
«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi....
10.06.2026 10:53
9.4k+
«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär
Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli...
08.06.2026 12:35
6.4k+
Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...
Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy.
04.06.2026 00:17
10k+
«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi
«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini...
01.06.2026 16:29
4.9k+
«Barselona» «Nýukasldan» Entoni Gordony satyn aldy
«Barselona» futbol kluby «Nýukaslyň» çep gyraky hüjümçisi (wingeri) Entoni Gordonyň transferini resmi taýdan yglan etdi. 25 ýaşly futbolçynyň katalon kluby bilen baglaşan şertnamasy 2031-nji ýyla çenli...
30.05.2026 11:32
8k+
«Real» 7-nji iýunda klubuň prezidentini saýlar: Peresiň indi bäsdeşi bar
Madridiň «Real» futbol klubunyň prezidentiniň saýlawlary 7-nji iýunda geçiriler. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär.
29.05.2026 23:03
7.3k+
Serhio Ramosyň «Sewilýany» satyn almak baradaky şertnamasy amala aşmady
«Sewilýa» futbol klubunyň Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň öňki goragçysy Serhio Ramosyň ýolbaşçylygyndaky maýadarlar toparyna satylmagy baradaky gepleşikler netijesiz tamamlandy. Satyn alyjylar soňky pursatda...
24.05.2026 10:31
6.4k+
Arbeloa «Reala» kubok getirip bilmedi we wezipesinden gidýär
Ispaniýaly hünärmen Alwaro Arbeloa geçirilen metbugat maslahatynda möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Real» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden gidýändigini mälim etdi.
23.05.2026 21:06
3.4k+
La Liga eminleriň işine baha bermek we olary bellemek üçin emeli aň ulanar
La Liga indiki möwsümden başlap, eminleriň işine baha bermek we oýunlara eminleri saýlap almak üçin emeli aň ulgamyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Madridde geçirilen ISDE Sports Convention 2026...
22.05.2026 11:36
6.2k+
«Býörnli» APL-dan aşaky liga düşse-de, çempion bolan «Barselonadan» köp gazanar
Angliýanyň Premýer-ligasynda 19-njy orny eýelän «Býörnli» kluby Çempionşipe düşer we möwsümiň netijeleri boýunça töleg hökmünde takmynan 50 million funt sterling (57,5 million ýewro) alar.
18.05.2026 21:08
7.1k+
Dani Karwahal 13 ýyldan soň «Real» bilen hoşlaşýar
Çempionlar ligasynyň alty gezek ýeňijisi, ispaniýaly goragçy Dani Karwahal möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Realyndan» gider. Bu barada futbol klubunyň resmi saýtynda habar berilýär.
16.05.2026 20:02
12k+
«Ýyldyz bolup geldiň – rowaýata öwrülip gidýäň». Robert Lewandowski «Barselonadan» gidýär
Polşaly hüjümçi Robert Lewandowski şu möwsüm tamamlanandan soň, «Barselonany» terk etjekdigini mälim etdi.
16.05.2026 11:22
7.7k+
Serhio Ramos «Sewilýa» klubunyň eýesi bolar
Ispaniýaly futbolçy Serhio Ramos Five Eleven Capital holdingi bilen bilelikde «Sewilýa» futbol klubuny satyn almak barada ylalaşyk gazandy.
15.05.2026 08:01
3.2k+
«Barselona» Flik bilen şertnamany 2028-nji ýyla çenli uzaltmak barada ylalaşdy
Ispaniýanyň «Barselona» futbol kluby bilen baş tälimçi Hans-Diter Flik zähmet şertnamasyny uzaltmak barada ylalaşyk gazandy. Insaýder Fabrisio Romanonyň berýän maglumatyna görä, täzelenen şertnama 2027/28...
14.05.2026 16:35
7k+
«Real» resmi taýdan möhletinden irki prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigini yglan etdi
Madridiň «Realy» aslynda 2029-njy ýyla meýilleşdirilen klubuň prezidentiniň we direktorlar geňeşiniň möhletinden irki saýlawlarynyň başlanýandygyny resmi taýdan mälim etdi.
11.05.2026 07:18
10k+
«Barselona» – çempion! Topar «Realy» utup, 29-njy gezek La Liganyň ýeňijisi boldy
Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» utup, futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony diýen ady möhletinden ir gazandy. «Kamp Nou» stadionynda geçirilen 35-nji tapgyryň duşuşygy 2:0 hasabynda katalon...
10.05.2026 10:17
13k+
40 million janköýer Mbappeniň «Realdan» gitmegini isleýär. Futbolçynyň aýby näme?
Gynansak-da, futbol janköýerleriniň gylygy şeýle. Sähleçe hereket olaryň ýigrenjini söýgä, söýgüsini-de ýigrenje öwrüp bilýär. Ine, Mbappe-de olaryň bu häsiýetine şaýat bolmak miýesser etdi.
24.04.2026 11:03
12k+
«Atletikonyň» baş tälimçisi Simeone Madridde 180 sany kaşaň öý we 7 sany willa satyn aldy
Madridiň «Atletiko» klubunyň baş tälimçisi Diego Simeone we onuň aýaly Karla Pereýra Madridde 180 kwartiradan we ýedi sany willadan ybarat bolan ägirt uly gozgalmaýan emläk toplumyny eýelik edýärler. Bu barada...
23.04.2026 16:19
6.5k+
Flik «Barselonanyň» iň soňky iş ýeridigini aýtdy we klubdaky esasy maksatlaryny görkezdi
«Barselonanyň» baş tälimçisi Hans-Diter Flik katalon klubunyň özüniň karýerasynda iň soňky tapgyr boljakdygyny we gitmezinden ozal ýerine ýetirmeli iki sany esasy wezipesiniň bardygyny aýtdy. Mundan ozal 61...
23.04.2026 12:31
10k+
«Barselona» El-Klasikoda Oliwiýa Rodrigonyň logotipi bolan ýörite eşikde oýnar
«Barselona» futbol kluby öňümizdäki «Klasikoda» amerikaly aýdymçy Oliwiýa Rodrigonyň logotipi şekillendirilen ýörite sport eşiklerinde meýdança çykar. Bu barada «Mundo Deportivo» neşiri habar berýär. Bu çäre...
19.04.2026 14:05
10k+
«Real Sosýedad» Ispaniýanyň Kubogyny aldy: 14-nji sekuntda geçirilen gol rekordy täzeledi
«Real Sosýedad» Ispaniýanyň Kubogynyň final duşuşygynda penalti tapgyrynda Madridiň «Atletikosyny» ýeňlişe sezewar etdi.
30.03.2026 09:39
6.7k+
Insaýder: Ýurgen Klopp tomusda «Real Madride» ýolbaşçylyk eder
Germaniýaly tälimçi Ýurgen Klopp şu möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Real» toparyna ýolbaşçylyk edip biler. Bu barada fransiýaly žurnalist Fransua Galýardo habar berýär.
24.03.2026 16:58
12k+
Nobatdaky «El-Klasikonyň» senesi belli boldy: häzirlikçe hasap 1:1
Ispaniýada çempionlyk ugrundaky göreşde aýgytlaýjy bolup biljek «El-Klasiko» oýnunyň senesi belli boldy. La Liganyň 35-nji tapgyrynyň çäklerinde «Barselona» we «Real Madrid» toparlarynyň arasyndaky ikinji aýlawyň duşuşygy 11-nji maýa geçilýän gije bolar
07.03.2026 19:40
7k+
Könäni ýatlap: La Liga klublary bir tapgyry köne äheňdäki eşiklerde oýnar, ýöne «Barselona» we «Real» gatnaşmaz
La Liga Ispaniýanyň futbol taryhyna bagyşlanan «Retro Matchday» (Retro oýun güni) atly taryhda ilkinji gezek geçiriljek aksiýany yglan etdi. Resmi habara görä, 10-njy aprelden 13-nji aprel aralygynda La Ligadan (31-nji tapgyr) we Segundadan (35-nji tapgyr) jemi 38 klub meýdança öňki ýyllaryň dizaýnlaryndan ylham alnyp taýýarlanan lybaslarda çykar
25.02.2026 10:05
5.3k+
«Barselona» maliýe jenaýaty baradaky aýyplamany ýörite taýýarlanan töhmet diýip atlandyrdy
«Barselona» futbol kluby ýolbaşçylaryň maliýe jenaýatlaryna gatnaşygy baradaky aýyplamalara jogap edip, resmi beýan bilen çykyş etdi. Derňew işine bir janköýeriň administrasiýany pul işlemekde we bikanun komissiýa almakda aýyplap beren arzasy sebäp boldy
07.02.2026 13:10
7.3k+
Ispaniýanyň Kubogynyň ýarym finalynda «Barselona» bilen «Atletiko», «Atletik» bilen «Real Sosýedad» duşuşar
Ispaniýada Patyşanyň Kubogynyň ýarym final duşuşyklarynyň bije çekilişik dabarasy geçirildi. Ýaryşyň bu tapgyrynda toparlar biri-birleri bilen iki oýun oýnar. Ýarym finalda «Barselona» Madridiň «Atletiko» topary bilen duşuşar
24.01.2026 16:54
4k+
Laporta «Barselonanyň» prezident saýlawlarynyň senesini yglan etdi
15-nji martda «Barselona» futbol klubunyň prezident saýlawy geçiriler. Şeýle karar Kataloniýaly klubuň direktorlar geňeşiniň mejlisinden soň kabul edildi. Bu barada toparyň metbugat gullugy klubuň häzirki prezidenti Joan Laporta salgylanyp habar berdi
13.01.2026 09:36
12k+
«Real» "Barselonadan" utulan gününiň ertesi Alonsony işden çykardy. Topara Arbeloa tälimçi bellendi
Alwaro Arbeloa Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellendi. 42 ýaşly hünärmen 12-nji ýanwarda klubdan giden Habi Alonsonyň ornuny çalyşdy. Ozal Arbeloa «Realyň» ýaşlar toparlary bilen işledi. Maýda bolsa «Kastilýanyň» tälimçisi boldy
12.01.2026 07:26
11k+
«Barselona» «Realy» utup, 16-njy gezek Ispaniýanyň Superkubogyny gazandy
Saud Arabystanynda Ispaniýanyň Superkubogynyň final oýny geçirildi we Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» 3:2 hasabynda utdy. «Barselona» bu kubogy yzygider ikinji ýyl aldy. Toparlar oýnuň birinji ýarymynda dört gol geçirdi, şolardan üç gol birinji ýaryma goşulan wagtda salyndy
09.01.2026 10:19
8.8k+
Ýylyň birinji El-Klasikosy: «Real» «Atletikony» utup, Ispaniýanyň Superkubogynyň finalyna çykdy
Madridiň «Realy» 2026-njy ýylyň Ispaniýanyň Superkubogy ýaryşynyň ikinji finalçysy boldy. Geçen gije Jidda saud şäherinde geçirilen ýarym final oýnunda «Real» Madrid derbisinde «Atletikony» 2:1 hasabynda utdy. Hasap eýýäm 2-nji minutda Federiko Walwerdeniň jerime meýdançasyndan takyk urgusy bilen açyldy
08.01.2026 13:26
6.2k+
«Barselona» «Atletigi» utup, Ispaniýanyň Superkubogynyň finalyna çykdy
Kataloniýanyň «Barselonasy» Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde geçirilen Ispaniýanyň Superkubogynyň ýarym finalynda Bilbaodan «Atletik» bilen duşuşdy. Duşuşyk «Barsanyň» peýdasyna 5:0 hasabynda tamamlandy. «Barselona» eýýäm birinji ýarymda 4 gol geçirip, oýnuň netijesini kesgitledi
07.01.2026 23:18
6.5k+
Ispan futbol konfederasiýasy Ispaniýanyň Superkubogyna gatnaşýanlar üçin pul baýragyny ýokarlandyrdy
Şu ýyl Ispaniýanyň Superkubogyna gatnaşylandygy üçin berilýän pul baýraklary ýokary bolar. Patyşalyk ispan futbol konfederasiýasy (RFEF) ýaryşyň abraýyny ýokarlandyrmak we toparlary höweslendirmek üçin gaznany artdyrmak kararyna geldi
29.12.2025 23:21
19k+
«Barselona» Lewandowskiden gol geçirmezligi haýyş edipdir: futbolçy sebäbini açyklady
«Barselonanyň» polşaly hüjümçisi Robert Lewandowski 2022/23 möwsüminiň ahyrynda klubuň özünden gol geçirmezligi haýyş edendigini aýtdy. Bu barada ol Sport ispan gazeti bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi. Ozal bu maglumaty polşaly žurnalist Sebastýan Staşewski futbolçy baradaky kitabynda neşir edipdi
07.12.2025 11:45
5.9k+
Laporta möhleti tamamlanandan soň “Barselonanyň” prezidenti wezipesinden gider
“Barselonanyň” prezidenti Žoan Laporta üçünji möhlete dalaş etmegi meýilleşdirmeýändigini we häzirki ygtyýarlylyk möhleti tamamlanandan soň wezipeden gitjekdigini habar berdi. Ol kluba 2021-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär, onuň ygtyýarlylyk möhleti bolsa 2027-nji ýylda tamamlanýar
01.12.2025 11:50
7.1k+
UEFA Çempionlar ligasynyň oýnunda janköýerleriň hereketi üçin “Atletiko” jerime saldy
UEFA 22-nji oktýabrda Çempionlar ligasynyň “Arsenal” bilen myhmançylykdaky oýnunda Madridiň “Atletikosynyň” janköýerleriniň gatnaşmagynda bolup geçen wakalardan soň kluba garşy sanksiýalary yglan etdi. Çözgüt guramanyň Gözegçilik, tertip-düzgün we ahlak komissiýasy tarapyndan kabul edildi diýip, AS habar berýär
30.11.2025 21:35
10k+
Mundo Deportivo: "Barselona" transfer maksatlaryny kesgitledi: gysga sanawda — Keýn, Holland we Alwares
"Barselona" tomusky transfer penjiresi üçin ileri tutulýan oýunçylaryň sanawyny düzdi diýip, Mundo Deportivo habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, toparyň baş tälimçisi Hans-Diter Flik sport direktory Deku we sport komitetiniň beýleki agzalary bilen bilelikde güýçlendirmek üçin esasy pozisiýalary – çep aýakly merkezi goragçyny, wingeri (ganat hüjümçini) we merkezi hüjümçini kesgitlediler
19.11.2025 10:00
3.9k+
“Barselona” “Kamp Nou” stadionyna gaýdyp geljek wagtyny aýtdy
22-nji noýabrda “Barselona” durkuny täzelemek işlerinden soň “Kamp Nou” stadionynda ilkinji öý oýnuny geçirer. Şol gün topar Ispaniýanyň çempionatynyň 13-nji tapgyrynda Bilbaonyň “Atletigine” garşy oýnar. “Kamp Nou” 2023-nji ýyldan bäri abatlaýyş üçin ýapykdy, topar oýunlaryny wagtlaýyn Luis Kompanis adyndaky Olimpiýa stadionynda (öň Montžuik Olimpiýa stadiony hökmünde belli) geçirdi
«
1
2
3
4
5
»
«
1
2
3
4
5
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.