«Barselona» ilkinji gezek gazagystanly futbolçy bilen şertnama baglaşdy

Düýn, 23:353,885

Gazagystanly winger Karim Mendikanow «Barselona» futbol kluby bilen şertnama baglaşdy. Bu barada türgeniň özi «Instagramdaky» sahypasynda habar berdi.

15 ýaşly Mendikanow «Barselonanyň» ýaşlar akademiýasy bolan «La Masiýada» çykyş eder.

«Arzuw eden klubum bilen şertnama baglaşandygyma örän buýsanýaryn» – diýip, türgen klubuň nyşanynyň öňünde düşen suratynyň aşagynda ýazdy.

Mendikanow «Barselona» bilen şertnama baglaşan Gazagystandan bolan ilkinji futbolçy boldy. Futbolçynyň katalon klubunda çykyş etjekdigi barada ilkinji gezek 1-nji aprelde Ispaniýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden belli bolupdy.

Karim öz karýerasyna «Astana Juniors» mekdebinde başlady. Ol 11 ýaşynda kakasy bilen Ispaniýa göçüp, ol ýerde «Serdanýola» we «San-Kugat» ýaly toparlarda oýnady. Soňra bolsa «Barselonanyň» zehinli oýunçylary gözleýän wekilleriniň ünsüni çekmegi başardy. 2026-njy ýylyň aprel aýynda ol Gazagystanyň U-16 ýaşlar ýygyndysyna çakylyk aldy.

Ýatlap geçsek, 2025-nji ýylyň awgustynda Angliýanyň «Çelsi» kluby hem «Kaýratyň» 17 ýaşly zehinli oýunçysy Dastan Satpaýew bilen şertnama baglaşypdy. Ýaş futbolçy ýene bir ýyl Gazagystanda galdy we şu tomus London klubunyň ulgamyna goşular.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.