«Arkadag» bilen «Gol Gohar» AFK Çempionlar ligasy 2-de deňme-deň oýnady

Şu gün, 01:19306
1 / 3

Türkmenistanyň «Arkadag» topary AFK Çempionlar ligasy 2-niň toparçalaýyn tapgyrynyň üçünji duşuşygynda Eýranyň «Gol Gohar» topary bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady. Duşuşyk Täjigistanyň Hisar şäherinde geçirildi (eýran topary ýaryşdaky öý oýunlaryny şu ýerde kabul edýär).

Üç tapgyrdan soň «Arkadag» 4 utuk toplap, «B» toparçasynda ikinji orny eýeleýär. Birinji orunda 7 utuk toplan BAE-niň «Al-Jazira» topary ýerleşýär. Üçünji orny Bahreýniň «Al-Muharrak» (3 utuk), dördünjini bolsa «Gol Gohar» (2 utuk) eýeleýär.

«Arkadag» bilen «Gol Goharyň» jogap duşuşygy 4-nji noýabrda Türkmenistanda geçiriler. Soňra türkmen topary 25-nji noýabrda myhmançylykda «Al-Muharrak» bilen duşuşar, 9-njy dekabrda bolsa «Al-Jazira» toparyny öz meýdançasynda kabul eder.

AFK Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalyna her toparçadan iň gowy netije görkezen iki klub çykar.