«Arsenalyň» wingeri Saka dürli ýurtlarda mätäçlere beren kömegi üçin Sokrates baýragyny aldy

Şu gün, 05:452,841

Londonyň «Arsenal» klubunyň we Angliýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Bukaýo Saka ynsanperwerlik işleri üçin Sokrates baýragyny gazandy. Sylag oňa 26-njy oktýabrda Londonda geçirilen «Altyn top» dabarasynda gowşuryldy.

Futbolçy kyn ýagdaýa düşen çagalara we maşgalalara lukmançylyk we ynsanperwer kömegini berýän Big Shoe haýyr-sahawat guramasy bilen hyzmatdaşlygy üçin sylaga mynasyp boldy.

Bilelikdäki taslamalaryň çäginde Saka Nigeriýadaky we beýleki Afrika ýurtlaryndaky çagalar üçin operasiýalary maliýeleşdirmäge kömek etdi. «France Football» neşiriniň maglumatyna görä, bu işleriň netijesinde 100-den gowrak çaga lukmançylyk kömegini aldy.

Şeýle hem futbolçy Türkiýede we Marokkoda bolup geçen ýertitremelerden ejir çekenleri goldady: serişdeler öýsüz galan maşgalalar üçin wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga gönükdirildi.

Sokrates baýragy 2022-nji ýylda «France Football» žurnaly tarapyndan «Peace and Sport» guramasy hem-de braziliýaly futbolçy Sokratesiň maşgalasy bilen bilelikde döredildi. Ol futbol wekillerine sport meýdançalaryndan daşary bitiren jemgyýetçilik we ynsanperwer işleri üçin berilýär. Bu baýragyň ilkinji eýesi senegally hüjümçi Sadio Mane bolupdy.