«Liwerpulyň» öňki hüjümçisi Dirk Köýt Çempionlar ligasynda iňlis toparyna garşy geçiriljek duşuşyga bir hepde galanda «Fenerbahçe» toparynyň baş tälimçisiniň wagtlaýyn wezipesini ýerine ýetiriji bellenildi. Bu barada türk klubunyň resmi sahypasynda habar berilýär.
«Fenerbahçeniň» öňki baş tälimçisi Ismail Kartal 26-njy oktýabrda topar «Galatasaraýdan» 1:2 hasabynda utulandan soň wezipesinden çekildi. Köýt onuň kömekçisi bolup işleýärdi.
Dirt Köýt topara «täze baş tälimçi bellenilýänçä» ýolbaşçylyk eder. Niderlandly hünärmen üçin ilkinji duşuşyk Türkiýäniň Superligasynda «Göztepe» toparyna garşy (31-nji oktýabr) bolar, 4-nji noýabrda bolsa türkler Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň çäginde «Liwerpuly» öz meýdançasynda kabul eder.
Köýt 2006–2012-nji ýyllarda «Liwerpulda» çykyş edip, Liga kubogyny eýeledi we Çempionlar ligasynyň finalyna çenli ýetdi, soňra bolsa üç möwsüm «Fenerbahçede» oýnap, 2014-nji ýylda bu topar bilen Türkiýäniň çempiony boldy.
«Fenerbahçe» Superligada birinji orundaky «Galatasaraýdan» alty utuk yza galyp, bäşinji orny eýeleýär.
Köýt Niderlandlaryň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýä çempionatynyň kümüş (2010) we bürünç (2014) medallarynyň eýesi boldy.