Enso «Sitiniň» satyn alan iň gymmat oýunçysy boldy: tomusky transfer möwsüminiň netijeleri

Şu gün, 14:241,629
1 / 6

«Mançester Siti» tomusky transfer penjiresiniň iň soňky gününde «Çelsiniň» we Argentinanyň ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Enso Fernandesiň geçendigini yglan etdi. 2022-nji ýylyň dünýä çempiony «şäherliler» bilen bäşýyllyk şertnama baglaşdy.

«Transfermarkt» portalynyň maglumatyna görä, ylalaşygyň möçberi €145 mln boldy. «Siti» heniz hiç bir oýunçy üçin munça pul tölemändi.

Fernandes 2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri «Çelside» çykyş edip geldi. Bu döwürde ähli ýaryşlarda 170 oýna gatnaşyp, 31 gol geçirdi we 30 assist etdi.

«Mançester Sitiniň» mundan öňki iň gymmat satyn alan oýunçysy şu tomusda «Nottingem Forestden» €135 mln geçen Elliot Anderson bolupdy. Üçünji orny Jek Griliş eýeleýär, «Siti» onuň üçin 2021-nji ýylda «Aston Willa» €117,5 mln töläpdi. Ýeri gelende aýtsak, «Siti» ony ýene-de «Ewertona» kärendesine berdi, onuň deregine bolsa «Ewertonyň» hüjümçisi Iliman Ndiaýeni satyn aldy. KHBS-iň maglumatlaryna görä, bonuslary göz öňünde tutanyňda ylalaşygyň möçberi €76 mln boldy, senegallynyň şertnamasy 2031-nji ýyla çenli hereket edýär.

Fernandesiň geçmegi ýarymgoragy düýpli üýtgetmegiň bir bölegi boldy. Rodri bilen hoşlaşan klub meýdançanyň ortasyndaky üç oýunçy üçin €300 mln-dan gowrak serişde sarp etdi — eýýäm agzalan Enso we Andersondan başga-da, topara Aýýub Buaddi (€95 mln) goşuldy.

Umuman alanyňda, Gwardiola gidenden soň Mançesterli topar täze oýunçylar üçin €526,2 mln sarp etdi. Şol bir wagtyň özünde klub oýunçy satmakdan hem gowy gazandy we kärendesine iberilen futbolçylaryň geljekdäki tölegli satyn alynmalaryny göz öňünde tutmazdan, takmynan, €337 mln gazandy.

«Barselona» başga çemeleşmäni saýlady. Kataloniýalylar täze oýunçylaryň hiç biri üçin €80 mln-dan köp tölemedi, şol bir wagtyň özünde-de birbada birnäçe zolagy güýçlendirdi. Iň gymmat satyn alnan oýunçy Entoni Gordon boldy – €80 milliony klub şoňa dözdi. Şeýle hem düzüme Rodri, Karim Adeýemi, Gabriel Žezus we Dominik Liwakowiç goşuldy, Žoau Kanselu bolsa erkin agent hökmünde geldi.

«Barselona» Žezusy resmi taýdan «Arsenaldan» €10 mln we goşmaça bonuslar bilen satyn aldy. Braziliýaly hüjümçiniň şertnamasy 2029-njy ýylyň tomsuna çenli hereket eder.

Mundan başga-da, «gök-gyzyllar» ýarymgoragçy Mark Kasadony €30 mln-a satyn almak mümkinçiligi bilen «Deportiwo» birýyllyk kärendesine iberdi.

Madridiň «Realy» €200 mln-dan gowrak sarp etdi. Iň gymmat satyn alnan oýunçysy «RB Leýpsigden» €125 mln geçen Ýan Diomande boldy. Mundan başga-da, klub Mark Kukurelýa, Karlos Espi we Denzel Dumfris bilen şertnama baglaşdy, Bernardu Silwa we Ibraima Konate bolsa topara mugt goşuldy.

Tomusky transfer penjiresinde Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) klublary täze oýunçylar üçin rekord derejede 3,46 mlrd funt sterling (€4,03 mlrd) sarp etdi we geçen ýylky 3,14 mlrd funt sterling (€3,66 mlrd) görkezijisinden geçdi.

APL-iň harçlan möçberi «Uly bäşligiň» galan ligalarynyň (Ispaniýa, Italiýa, Germaniýa we Fransiýa) bilelikdäki umumy çykdajylaryndan hem artyk boldy.

Ähli ylalaşyklaryň, takmynan, üçden biri APL klublarynyň öz arasynda geçdi, Angliýanyň aşaky diwizionlaryndan satyn almalary göz öňünde tutanyňda bolsa, tas ýarysy şeýle.

Soňky transfer gününiň beýleki esasy göçümleri:

  • «Ýuwentus» nemes hüjümçisi Nik Woltemadeni «Nýukasldan» 2027-nji ýylyň iýunyna çenli kärendesine aldy. Fabrisio Romanonyň maglumatlaryna görä, kärende Turiniň klubuna €4 mln düşdi we hökmany satyn almagy göz öňünde tutmaýar.
  • 38 ýaşly fransuz hüjümçisi Karim Benzema toparsyz galdy. Saud Arabystanynyň «Al-Hilýal» kluby bilen şertnama ikitaraplaýyn ylalaşyk bilen ýatyryldy. Benzema «Al-Hilýala» fewral aýynda geçipdi. Ol topar üçin 16 oýna gatnaşyp, on gol geçirdi we bäş assist etdi.
  • «Çelsi» Mihail Mudrigi möwsümiň ahyryna çenli «Tottenheme» kärendesine berdi. Londonlylaryň ukrain wingerini €88 mln-a satyn almak mümkinçiligi bar.
  • «Sanderlend» belgiýaly winger Malik Fofana bilen şertnama baglaşdy. «Liondan» transfer kluba €30 mln bilen goşmaça bonusa düşdi.
  • «Atletiko» kanadaly hüjümçi Jonatan Dewidi «Ýuwentusdan» 2026/2027 möwsüminiň ahyryna çenli kärendesine aldy. Ylalaşykda satyn almak mümkinçiligi göz öňünde tutulan.
  • «Aston Willa» «PSŽ»-den 18 ýaşly hüjümçi Ibragim Mbaýe bilen şertnama baglaşdy.
  • «Betis» «Realyň» öňki ýarymgoragçysy Dani Sebalýosy erkin agent hökmünde öz düzümine goşdy.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.