«Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk operatorynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar

18.10.2026, 05:0010,209

Türkmenistanda «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar. Bu ugurda alnyp barylýan işler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda aýtdy diýip, TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, ýurduň milli öýjükli aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we hyzmatlaryň elýeterliligini üpjün etmek boýunça işler alnyp barylýar. Hususan-da, «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlar toplumlary bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär.

Wise-premýer bu ugurda taýýarlanan teklibi Döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň işini kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutany «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.