Şu gün Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda dünýäniň 45 ýurdundan 800-den gowrak wekili jemlän Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2026) öz işine başlady. Bu halkara çäre mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara we myhmanlara gutlag hatyny ýollady.
Döwlet Baştutany öz gutlagynda forumyň ýurduň durmuş-ykdysady we innowasion taýdan ösüşini üpjün etmekde, pudaklaryň senagat kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlary çekmekde we olaryň netijeliligini ýokarlandyrmakda, döwrebap sanly tehnologiýalary, «ýaşyl» ykdysadyýeti ornaşdyrmakda, milli we döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýedigini nygtady.
«Bu forumyň pudaklara häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmaga, sanly we «ýaşyl» ykdysadyýet konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge hem-de halkara hyzmatdaşlygy işjeň alyp barmaga ýardam etjekdigine berk ynanýaryn» – diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.
Prezident ýurduň geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly ornunyň hem-de baý tebigy çig mal serişdeleriniň maýa goýumlary üçin uly mümkinçilikleri açýandygyny, şol sebäpli bu halkara çäräniň ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda durnukly ösüş hem-de döwrebap tehnologiýalaryň peýdalanylmagy, bäsleşige ukyply täze önümçilikleriň işe girizilmegi, sanly maliýe tehnologiýalary bilen baglanyşykly meselelerde özara tejribe alyşmaga mümkinçilik berjekdigini aýratyn nygtady.
Gutlagda bellenilişi ýaly, «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylýan Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisi hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça energiýa we aragatnaşyk taslamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurt ähli pudaklarda häzirkizaman tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmaga hem-de bu ugurlara gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberiniň artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär.
Prezident gatnaşyjylary forumyň işe başlamagy bilen gutlap, olara berk jan saglyk we alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Iki gün dowam etjek bu forumda işewürler energetika, logistika, gurluşyk, maliýe we innowasiýalar ýaly ugurlarda täze taslamalar bilen tanşar. Şeýle-de, ykdysadyýete emeli aňy ornaşdyrmaga we döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berler.