«Maslahatly Çözgüt» kompaniýasy ýaşlara biznes dünýäsine girişmäge ýardam berýär

Şu gün, 19:50585
1 / 9

«Maslahatly Çözgüt» konsalting kompaniýasy ýaşlara hakyky işewürlik prosesleri bilen tanyşmaga, hünär taýdan kemala gelmäge we amaly başarnyklary ösdürmäge ýardam berýär. Şu maksatlara gönükdirilen ÝAŞESEN platformasynyň çäginde kompaniýa oktýabryň ahyrynda «Business Start: Iş dünýäsine giriş» taslamasynyň birinji tapgyryny geçirdi.

«Maslahatly Çözgüt» kompaniýasy adam resurslaryny dolandyrmak (HR), marketing, zähmeti goramak we senagat howpsuzlygy (HSE), operasion dolandyryş, eksporty ösdürmek hem-de standartlary ornaşdyrmak ýaly ugurlarda maslahat beriş hyzmatlaryny hödürleýär. Şeýle hem kompaniýa işgärleriň hünär başarnyklaryny ösdürmek üçin korporatiw okuwlary geçirýär.

Kompaniýanyň ösdürýän taslamalarynyň hatarynda Export Consulting, Gurfood, TurkmenExporter, ÝAŞESEN we YASH CONSULTING ýaly proýektler bar. Olaryň her biri işewürligiň dürli ugurlaryny öz içine alýar.

ÝAŞESEN platformasy ýaşlaryň hünär taýdan ösüşine we işewürlik gurşawy bilen özara gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna aýratyn üns berýär.

«Business Start» taslamasynyň birinji tapgyrynda gatnaşyjylara HR, marketing we operasion dolandyryş ugurlary boýunça boýunça biznes keýslerini çözmek tabşyryldy. Olar hödürlenen ýagdaýlary seljerdiler, öz çözgütlerini işläp düzdüler, tekliplerini delillendirdiler we emin agzalarynyň hem-de bilermenleriň öňünde çykyş etdiler.

Ýaşlaryň işlerine baha berlende emeli aňyň seljermesi bilen bir hatarda emin agzalarynyň pikirleri hem göz öňünde tutuldy.

Iň gowy çykyş edenlere ÝAŞESEN platformasynyň we hemaýatkär kompaniýalaryň adyndan hormat hatlary hem-de sowgatlar gowşuryldy.

Indiki tapgyrda ýaşlar hemaýatkär kompaniýalaryň önümçilik meýdançalaryna baryp, önümçilik prosesleri bilen tanşyp, hünärmenler bilen söhbetdeş bolup biler. Kompaniýalaryň ünsüni çeken gatnaşyjylara işe ýerleşmek mümkinçiligi hem hödürlener.

Taslamanyň geçirilmegine «Tudana» HJ, «Ýigit» HJ, «Tokaýçy» we «Awtoýoly» HJ kompaniýalary hemaýatkärlik goldawyny berdiler. Çäräniň guralmagyna «Süýji Gün» kompaniýasy hem aýratyn goşandygy bellenilýär.

Bu hili taslamalar ýaş hünärmenlere diňe bir telekeçiligiň dürli ugurlary barada düşünje almaga däl, eýsem öz bilimlerini iş ýüzünde synap görmäge, geljekki iş berijiler bilen tanyşmaga we hünär ýoluny kesgitlemäge hem mümkinçilik döredýär.