Dünýäniň 60 ýurdundan 800-den gowrak wekil 3–5-nji noýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» (CIET 2026) halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmak üçin hasaba alyndy. Bu barada forumy guramaga gatnaşýan «Turkmen Energy Forum» (TEF) kompaniýasy habar berýär.
Halkara forum Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Innowasiýa. Maýa goýum. Ösüş» şygarynyň astynda geçiriler. Maslahata döwlet edaralarynyň wekilleri, halkara kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, öňdebaryjy maýadarlar hem-de halkara maliýe institutlarynyň hünärmenleri gatnaşar.
Maslahatyň iş maksatnamasy ýurduň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika ulgamlarynyň maýa goýum mümkinçiliklerini öz içine alýar. Gatnaşyjylar içki we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de infrastruktura we senagat taslamalarynda hususy pudagyň paýyny giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşar.
Şeýle-de işewürlik gurşawyny kämilleşdirmek, telekeçiligi goldamak we döwlet edaralarynyň, milli kompaniýalaryň hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada pikir alşylar.
Senagat pudagynda esasy üns önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmaga, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga we ýerli önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdiriler. Energetika we himiýa senagatynda bolsa çig maly gaýtadan işlemegiň we goşmaça bahany döretmegiň täze mümkinçiliklerine serediler.
Gatnaşyjylar döwrebap inženerçilik çözgütleri, ýol gurluşygy, durnukly şäher ösüşi, gurluşykda sanly gurallar we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak meselelerine hem aýratyn üns berer.
Halkara serginiň çäginde daşary ýurtly we ýerli kompaniýalar özleriniň döwrebap enjamlaryny, innowasion tehnologiýalaryny, gurluşyk materiallaryny we hyzmatlaryny tanyşdyrar. Forum maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly mümkinçilik döreder.