Koreýaly hyzmatdaşlar Arkadagdaky önümçilik toplumlaryny enjamlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýär

11.10.2026, 16:483,540

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy Kim Çžin Pýo bilen duşuşdy. Myhman Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Duşuşykda türkmen-koreý gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gürrüň edildi. Kim Çžin Pýo Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösýändigini, ýurtda ahalteke bedewleriniň hormatyna guralýan dabaralara uly buýsanç bilen syn edilýändigini nygtap, bu işleriň parahatçylygyň we durnukly ösüşiň aýdyň nyşanydygyny belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda türkmen-koreý gatnaşyklarynyň durnukly we uzak möhletleýin häsiýete eýe bolandygyny nygtap, Türkmenistanda koreýaly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda senagat taýdan ähmiýetli köp sanly önümçilik toplumlarynyň gurlandygyny we saglygy goraýyş ulgamynyň desgalaryny enjamlaşdyrmakda olaryň işjeňlik görkezýändigini belledi.

Kim Çžin Pýo Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa amala aşyran saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen oňyn çözgütleriň kabul edilendigini we hyzmatdaşlygyň ägirt uly geljeginiň bardygyny tassyklady. Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde gurulýan önümçilik toplumlaryny enjamlaşdyrmakda we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda koreýaly hyzmatdaşlaryň teklipleriniň öwreniljekdigini belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Kim Çžin Pýona hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, koreýaly hyzmatdaşlaryň Türkmenistandaky giň möçberli taslamalara işjeň gatnaşjakdyklaryna ynam bildirdi we myhmana işinde üstünlikleri arzuw etdi.