29-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde Çalyk Holding kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Türkiýeli işewür wagt tapyp kabul edendigi hem-de Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çakylygy üçin döwlet Baştutanyna çuňňur hoşallygyny bildirdi. Ol şanly sene mynasybetli özüniň iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti gutlag üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, şeýle-de energetika, dokma senagaty we gurluşyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini belledi. Bu hyzmatdaşlyga senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny alyp barýan Çalyk Holding kompaniýasynyň hem uly goşant goşýandygy aýratyn nygtaldy.
Ahmet Çalyk Türkmenistanda netijeli iş alyp barmaga döredilýän mümkinçilikler üçin ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan edip, öz üstüne alan borçnamalaryny ýokary hilde ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutany işewüre alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.