Kristin Şwars-Fuks Türkmenistana 30-dan gowrak kompaniýanyň wekilleri bilen geldi

Şu gün, 17:10684
1 / 2

3-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Raşid Meredowyň Aşgabada wekiliýetiň uly düzümi bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň Başlygy Kristin Şwars-Fuks bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berýär.

Kristin Şwars-Fuksuň şu saparynyň çäginde oňa 30-dan gowrak awstriýaly kompaniýanyň ýolbaşçylaryndan we wekillerinden ybarat giň düzümdäki işewürler wekiliýeti ýoldaşlyk edýär.

Ministrlikde geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, durmuş we medeni-ynsanperwer ugurlarda ýokary depginler bilen ösdürilýändigini nygtady. Ýokary döwlet derejesindäki gatnaşyklaryň, hususan-da, türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen geçiren duşuşyklarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy hereketlendiriji güýji bolup durýandygy aýratyn bellenildi.

Taraplar BMG we ÝHHG ýaly halkara düzümleriň çägindäki netijeli hyzmatdaşlygy hem-de iki döwletiň hem ygrarly bolan Bitaraplyk syýasatyna laýyklykda, parahatçylygyň we durnuklylygyň bähbidine bilelikdäki işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdi. Gepleşikleriň çäginde parlamentara gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň hem-de daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Söwda-ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Şeýle hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-awstriýa gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde parlamentara dialogyň möhüm ornuny nygtady.