Türkmenistan ABŞ-nyň AECOM kompaniýasy bilen gämi gurluşyk meselesini maslahatlaşdy

30.10.2026, 18:082,296

29-njy oktýabrda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň edara binasynda ABŞ-nyň AECOM Technical Services kompaniýasynyň Merkezi Aziýada ulag koridorlarynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak (TCTR) meýilnamasy boýunça sebitleýin wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada edaranyň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşykda taraplar sebitde ulag-logistika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda alnyp barylýan taslamalar hem-de sebitara ulag koridorlaryny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada pikir alyşdy.

Amerikan kompaniýasynyň wekilleri 2026–2028-nji ýyllar aralygynda amala aşyrylýan TCTR meýilnamasy, onuň çäginde Merkezi Aziýada ulag, energetika we sanly maglumat (IT) ulgamlaryna maýa goýumlary çekmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy. Duşuşykda halkara maliýe guramalarynyň, şol sanda Yslam Ösüş Bankynyň maliýeleşdirmeginde täze gämileriň gurluşygynda «Ýeke-täk deňiz penjiresi» ulgamyny ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerine hem seredildi.

Duşuşygyň ahyrynda Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň wekilleri myhmanlary şu ýylyň 24–26-njy noýabrynda geçiriljek Halkara ulag forumyna çagyrdy. Myhmanlar bu abraýly çäre gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirdi.

Soňra taraplar Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen ýerinde tanyşdy.