Mary welaýatynyň Mary etrabynda ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge gönükdirilen döwrebap toplum ulanmaga berildi. Kärhana «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýär diýip, THP habar berýär.
Dabaraly çärä ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň işgärleri, talyplar we ýaşulular gatnaşdy.
Zawodyň gurluşygy hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik esasda ulanmaga berlen 3,5 gektar ýer böleginde alnyp baryldy. Baş potratçy hökmünde ýurduň «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, gurluşygy ýöriteleşdirilen metal gurluşlar we materiallar bilen Türkiýäniň kompaniýasy üpjün etdi.
Kärhana häzirkizaman tehnologik liniýalary bilen enjamlaşdyrylyp, önümçilik sehlerini we barlaghana-gözegçilik bölümlerini öz içine alýar. Enjamlar köp dürli süýt we gatyk önümleriniň önümçiligini ýola goýmaga, önümçilik amallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň ýokumlylyk häsiýetlerini ýitirmezden saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berer.
Toplumyň açylmagy içerki bazarda hödürlenilýän ýokary hilli ýerli süýt önümlerini artdyrmaga we sebitde täze iş orunlaryny döretmäge gönükdirilendir.