Gurbanguly Berdimuhamedow Buig kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

11.10.2026, 16:294,694

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurda gelen Buig kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gurbanguly Berdimuhamedowy, Türkmenistanyň Prezidentini we tutuş türkmen halkyny şanly senäniň hormatyna guralýan täze saglyk merkezleriniň açylyş dabaralary bilen gutlady. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Türkmenistanda birnäçe bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilendigini uly buýsanç bilen nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Buig kompaniýasynyň onýyllyklaryň dowamynda ýurduň ygtybarly hyzmatdaşyna öwrülendigini belledi. Bu döwürde Aşgabatda köp sanly taslamalaryň durmuşa geçirilendigi we munuň netijeli halkara hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydygy nygtaldy.

Myhman daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin ygtybarly kanunçylyk binýady döredilen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň we bilelikdäki taslamalara gatnaşmagyň özleri üçin belent mertebedigini nygtady. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurtda senagat, önümçilik we durmuş maksatly taslamalaryň amala aşyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Marten Buig ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň bildirilen ynamy abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.