Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo E&C» kompaniýasynyň täze ýolbaşçysyny kabul etdi

29.09.2026, 06:583,049

28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň prezidenti Li Kan-Soky kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Li Kan-Sok döwlet Baştutanyny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we baýramçylyk dabaralarynyň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň gözel keşbiniň özünde uly täsir galdyrandygyny belledi. Myhman türkmen-koreý gatnaşyklary barada aýdyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýaňy-ýakynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň we onuň çäklerinde geçirilen ilkinji «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitiniň möhüm ähmiýetini nygtady.

Döwlet Baştutany Li Kan-Soky «Daewoo E&C» kompaniýasynyň prezidenti wezipesine bellenmegi bilen gutlady we onuň Türkmenistana saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn üns berýändigini aýtdy. Iki ýurduň hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýär.

Prezident Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň dowamynda ýokary derejeli gepleşikleriň geçirilendigini we möhüm ylalaşyklaryň gazanylandygyny belledi. Şeýle hem Türkmen-koreý işewürlik maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen «Daewoo E&C» kompaniýasynyň arasynda Garagum derýasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekilendigini ýatlady.

Duşuşykda koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň gazhimiýa pudagyndaky iri taslamalara gatnaşýandygy hem bellenildi. «Daewoo E&C» kompaniýasy Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşygyny amala aşyrýar.

Li Kan-Sok bildirilen ýokary ynam üçin döwlet Baştutanyna minnetdarlyk bildirip, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda ähli tagallalaryny etjekdigine ynandyrdy.