Şanhaýda Türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirildi: birnäçe ylalaşyklar baglaşyldy

Şu gün, 18:50802
1 / 3

6–7-nji noýabrda Şanhaý şäherinde Hytaýyň işewürlik dünýäsiniň 350-den gowrak we Türkmenistanyň 120-den gowrak wekilini birleşdiren Türkmen-hytaý işewürlik forumy geçirildi. Hytaý tarapyndan 300-e golaý kompaniýa we gurama gatnaşdy.

Forumyň çäginde B2B görnüşinde 68 duşuşyk hem-de B2G görnüşinde 27 duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary, maýa goýum hyzmatdaşlygyny hem-de bilelikdäki taslamalary ösdürmäge gönükdirilen özara düşünişmek hakynda 12 sany ähtnama gol çekdi.

Hytaýyň dört kompaniýasy we guramasy bilen özara düşünişmek hakynda ähtnamalara gol çeken Ojar Aziýa hususy kärhanasy forumyň işjeň gatnaşyjysy boldy.

Super Smart Home kompaniýasy bilen kärhana «akylly öý» tehnologiýalary, emeli aň we intellektual ulgamlar ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdy. Link Global International Logistics kompaniýasy bilen baglaşylan ähtnama ulag-logistika hyzmatlary we halkara ýük gatnawlary ugry boýunça özara hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýar.

Beijing Zhongsheng Honor Enterprise Management Center (Limited Partnership) bilen Ojar Aziýa söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmegi, işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmagy hem-de bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak mümkinçiliklerini öwrenmegi meýilleşdirýär.

Ýene bir ähtnama — SINOMACH HI International Equipment Co., Ltd. kompaniýasy bilen baglaşylan resminama — gurluşyk we oba hojalyk tehnikalaryny, şol sanda ýükleýjileri, ekskawatorlary, ýol-gurluşyk enjamlaryny we ätiýaçlyk şaýlaryny getirmek ugrunda hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýar.

Forumyň guramaçysy hökmünde TMT Consulting Group kompaniýasynyň goldamagynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş etdi.

Bu çäre iki ýurduň telekeçileriniň arasynda täze göni gatnaşyklary ýola goýmak we geljekki bilelikdäki taslamalary maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi.