CIET 2026 halkara forumy 60-a golaý döwletden wekilleri jemledi: sergiden pursatlar

Şu gün, 10:27499
1 / 15

Ozal habar berşimiz ýaly, 3-nji noýabrda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe gabatlanyp, «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» (CIET 2026) atly halkara sergi we maslahat öz işine başlady. Foruma 60-a golaý döwletden 800-den gowrak wekil gatnaşdy.

Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Dabara sungat ussatlarynyň aýdym-saz we tans çykyşlary bilen utgaşdy. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň işewürleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bar.

Sergide ýurduň gurluşyk, elektroenergetika, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, himiýa senagaty we ulag-ýol gurluşygy ugurlarynda gazanan sepgitleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Foruma Türkiýe, Fransiýa, Şweýsariýa, Ýaponiýa, Russiýa, Hytaý, Eýran we Özbegistan ýaly ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary, hususan-da, Çalik Enerji, Gap Inşaat, Rönesans, Bouygues, Kawasaki işjeň gatnaşýar.

Hususy gurluşykçylaryň sergi diwarlyklarynda Aşgabatda amala aşyrylýan taslamalar bilen bir hatarda Arkadag şäherinde gurlan we gurulýan desgalaryň şekilleri öz beýanyny tapýar. Şeýle-de bu ýerde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň lukmançylyk serişdeleri görkezilýär.

Sergide Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikde döredilen «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň önümleri hem aýratyn orun eýeleýär. Çärä önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň elektrik üpjünçiliginde, ýangyn howpsuzlygynda ulanylýan enjamlary öndürýän hususy telekeçiler hem gatnaşýar.

Serginiň çäginde şäher gurşawynda we gündelik durmuşda ulanylýan awtoulaglaryň hem-de ýöriteleşdirilen tehnikalaryň görkezilişi guraldy. Forumda ikitaraplaýyn duşuşyklar hem geçirilip, halkara kompaniýalar bilen ýerli döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň anyk şertlerini we maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.

Çäräniň çäginde «Şäherleriň we ilatly nokatlaryň açyklygy, howpsuzlygy, durmuş ukyplylygy we ekologik durnuklylygy» atly Birleşen Milletler Guramasynyň ýokary derejeli halkara «tegelek stol» maslahaty geçirildi. Onda durnukly ösýän we «ýaşyl» şäher gurşawyny döretmek meselelerine üns berildi.

Günüň ikinji ýarymynda geçirilen «Innowasion ösüş we halkara hyzmatdaşlygy, Türkmenistanyň gurluşyk, senagat toplumynyň ösüşiniň geljegi» atly plenar mejlisde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we maýa goýumlary çekmek meseleleri boýunça giňişleýin pikir alşyldy.

Halkara maslahatyň ikinji we üçünji günlerinde hem dürli ugurlara degişli mejlisler, şeýle-de sanly gurluşyk we «akylly» şäherleri ösdürmekde öňdebaryjy tehnologiýalar, innowasion çözgütler hem-de geljekki hünärmenleriň hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek boýunça meselelere bagyşlanan ýörite mejlis meýilleşdirilýär.