CIET 2026-nyň çäginde Zaha Hadid Architects, Samsung E&A ýaly iri kompaniýalar bilen ylalaşyk baglaşyldy

Şu gün, 10:57472
1 / 6

«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara serginiň we maslahatyň (CIET 2026) çäginde ýurdumyzyň döwlet düzümleri bilen daşary ýurtlaryň iri kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekildi. Bu barada TDH habar berýär.

Täze ylalaşyk baglaşylan kompaniýalaryň arasynda meşhur Zaha Hadid Architects býurosy, Leica Geosystems, Samsung E&A ýaly dünýäniň iri kärhanalary hem bar.

Gol çekilen resminamalar:

  • Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bilen «ZHA Architects Limited» kompaniýasynyň (Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygy) arasynda şähergurluşyk we binagärlik ulgamynda innowasion tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama.
  • Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bilen «FALTEC» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň (Gazagystan Respublikasy) arasynda seýsmiki durnukly gurluşyk tehnologiýalaryny we gurluşyk desgalarynyň monitoring ulgamlaryny bilelikde ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama.
  • Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bilen «Leica Geosystems AG» kompaniýasynyň (Şweýsariýa Konfederasiýasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama.
  • Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen «VEM Sachsenwerk GmbH» kompaniýasynyň (Germaniýa Federatiw Respublikasy) arasynda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama.
  • Şu ministrlik bilen Germaniýanyň «NTS Service GmbH», «Refratechnik Cement GmbH» hem-de «Grenzebach BSH GmbH» kompaniýalarynyň arasynda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi.
  • Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen «Sany International Development Limited» kompaniýasynyň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama.
  • Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen «TBEA Shenyang Transformer Group Co., LTD» kompaniýasynyň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama.
  • Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen «Sumitomo Corporation» kompaniýasynyň (Ýaponiýa) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama.
  • Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Energetika ministrliginiň hem-de Aragatnaşyk ministrliginiň «Bitdeer Supply Chain SDN. BHD.» kompaniýasy (Malaýziýa) bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama.
  • Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi bilen «Betamont s.r.o» kompaniýasynyň (Slowakiýa Respublikasy) arasynda hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek hakynda Ähtnama.
  • Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligi bilen «Leica Geosystems AG» kompaniýasynyň (Şweýsariýa Konfederasiýasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama.
  • «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Topsoe A/S» kompaniýasynyň (Daniýa Patyşalygy) arasynda Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň we «Garabogazkarbamid» zawodynyň ygtybarly işlemegini üpjün etmek maksady bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama.
  • «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Samsung E&A Co., LTD» kompaniýasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda Türkmenistanyň himiýa pudagyny ösdürmek ugrunda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama.