Gazagystan Ýewraziýa ykdysady bileleşigine (ÝYB) girmeýän ýurtlardan käbir gurluşyk harytlaryny getirmek boýunça girizilen gadagançylygy möhletinden öň ýatyrdy. Täze düzgünler eýýäm güýje girdi diýip, 24KZ habar berýär.
Çäklendirmeler sement, gurluşyk garyndysy, granit, daş düşekli ýodalar üçin ulanylýan plitalar, gips önümleri we aýna ýaly birnäçe haryt görnüşine degişlidir.
Degişli buýruga Gazagystanyň senagat we gurluşyk ministri gol çekdi.
ÝYB-e girmeýän ýurtlardan käbir gurluşyk harytlaryny getirmek üçin girizilen gadagançylyk şu ýylyň maý aýynda alty aý möhlet bilen güýje girizilipdi we görşümiz ýaly, bu çäklendirme bellenen möhletinden öň ýatyryldy.