NVIDIA kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş direktory Jensen Huang 23-nji oktýabrda Astanada emeli aňyň geljegine bagyşlanan açyk söhbetdeşlige gatnaşar. Bu barada Gazagystanyň Emeli aň we sanly ösüş ministrligi habar berdi.
Duşuşyk «Fireside Chat» görnüşinde geçiriler. Bu formatda çykyşlar we tanyşdyryşlar bilen çäklenmän, gatnaşyjylar möhüm meseleleri erkin ara alyp maslahatlaşýarlar. Jensen Huangyň söhbetdeşi Gazagystanyň premýer-ministriniň orunbasary, emeli aň we sanly ösüş ministri Žaslan Madiýew bolar.
Duşuşygyň esasy temasy emeli aňyň geljegi bolar. Çäräni guraýjylar duşuşygyň geçirilýän ýerine gelip bilmejek tomaşaçylar üçin onlaýn ýaýlymy hem guramagy meýilleşdirýärler.
NVIDIA dünýäde emeli aň tehnologiýalarynyň ösüşinde möhüm orun eýeleýär. Kompaniýanyň grafiki prosessorlary we programma platformalary neýroulgamlary öwretmekde hem-de işletmekde, generatiw emeli aňy ösdürmekde we ýokary öndürijilikli hasaplaýyş ulgamlaryny döretmekde ulanylýar.
Jensen Huang NVIDIA kompaniýasyny 1993-nji ýylda esaslandyrdy we şondan bäri onuň işine ýolbaşçylyk edip gelýär. Ilkibaşda grafiki prosessorlary öndürmek bilen meşgullanan kompaniýa wagtyň geçmegi bilen emeli aň pudagy üçin hasaplaýyş tehnologiýalarynyň esasy üpjün edijileriniň birine öwrüldi.