ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy müdirligi (FAA) Boeing 737 MAX maşgalasynyň iň köp ýolagçylylyk görnüşi bolan MAX 10 uçaryny ulanyşa girizmäge gutarnykly rugsat berdi.
Bu karar amerikan uçargurluşyk kompaniýasyna uçary müşderilere ibermäge başlamaga mümkinçilik döredýär. Uçaryň bazara çykarylmagy öň birnäçe gezek yza süýşürilipdi.
Boeing kompaniýasy täze uçaryň goşmaça girdeji getirjekdigine we birnäçe ýyl bäri dowam edip gelýän kynçylyklardan hem-de dawa-jenjellerden soň maliýe ýagdaýyny gowulandyrjakdygyna umyt edýär.
Awiasiýa pudagyny seljerýän IBA kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, awiakompaniýalar MAX 10 uçarynyň 1 550-den gowragyny sargyt etdiler. Bu görnüş Boeing kompaniýasynyň 737 maşgalasyna degişli uçarlary boýunça heniz ýerine ýetirilmedik sargytlarynyň, takmynan, 31%-ini düzýär.
Boeing 737 MAX 10 uçary 230 ýolagça çenli sygdyryp bilýär. Deňeşdirip aýtsak, MAX 9 görnüşi 195 ýolagça, MAX 7 bolsa 160 ýolagça niýetlenendir. MAX 10 uçaryny sargyt eden iri awiakompaniýalaryň arasynda United Airlines, Alaska Airlines, Ryanair, Delta Air Lines we American Airlines bar.
Eýýäm öndürilen birnäçe uçar hem müşderilere iberilmegine garaşýar.
MAX 10 uçarynyň ulanyşa girizilmäge rugsat almagy, Boeing kompaniýasynyň dar göwrümli ýolagçy uçarlary bazarynda Ýewropanyň Airbus kompaniýasy bilen bäsleşmeginde strategik ähmiýete eýedir.
Amerikan uçarynyň tassyklanmagynyň gijikdirilmegi Airbus kompaniýasyna uly ýolagçy uçarlary böleginde öz ornuny berkitmäge mümkinçilik berdi.
Hususan-da, bu bazarda Airbus A321neo uçaryna isleg ýokary. Hytaýyň COMAC kompaniýasy tarapyndan öndürilýän C919 uçary bolsa häzirlikçe iki esasy bäsdeşinden ep-esli yza galýar.
Boeing kompaniýasy MAX 10 uçaryny tassyklatmak üçin 2020-nji ýyllaryň başyndan bäri tagalla edip gelýär.
Şonuň üçin berlen rugsat diňe bir uçarlary müşderilere ibermegiň başlanmagyna ýol açman, eýsem kompaniýanyň bäsdeşi tarapyndan eýelenen bazar paýynyň bir bölegini yzyna gaýtaryp almaga hem mümkinçilik döredýär.