Türkmenistanda geljek ýyl üçin awtomobil ýoly arkaly ýük daşamak boýunça arzalar kabul edilýär

11.08.2026, 07:449,804

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi 2027-nji ýylda awtomobil ulagy arkaly ýük daşamak boýunça ýuridik we fiziki şahslardan arzalary kabul edip başlady.

Arzalar 2026-njy ýylyň 15-nji sentýabryna çenli kabul ediler.

Ministrligiň belleýşi ýaly, arzalaryň ýygnalmagy kärhanalaryň, telekeçileriň we raýatlaryň ýük daşamak hyzmatlaryna bolan zerurlyklaryny öňünden kesgitlemäge hem-de geljek ýyl üçin pudagyň işini meýilleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Şeýle hem arzalaryň öňünden kabul edilmegi çig maly, enjamlary we gurluşyk serişdelerini yzygiderli ýa-da uly möçberde daşamak zerurlygy bolan guramalar üçin möhümdir. Bu awtoulag serişdelerini has netijeli paýlamaga we ýük daşamalaryny guramaçylykly meýilleşdirmäge ýardam edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.