Serdar Berdimuhamedow Çalyk Holding kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

31.10.2026, 08:105,142

30-njy oktýabrda Türkiýe Respublikasyna amala aşyrylan iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Çalyk Holding kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanynyň Türkiýä amala aşyran saparynyň taryhy ähmiýetini belledi. Ahmet Çalyk döwlet Baştutanyny Hajettepe uniwersitetiniň «Halkara gatnaşyklary ugry boýunça Hormatly doktory» derejesiniň berilmegi we Türkiýe Respublikasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň «Strategik dostluk nyşanynyň» gowşurylmagy mynasybetli gutlady. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny belledi. Türkmenistan daşary ykdysady gatnaşyklarda deňhukuklylyk, özara düşünişmek we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerinden ugur alýar. Bu hyzmatdaşlygy ösdürmäge Çalyk Holding kompaniýalar topary uly goşant goşýar. Häzirki wagtda bu düzüm Türkmenistanda senagat we durmuş maksatly birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygyna işjeň gatnaşýar.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň bilelikde amala aşyrylýan taslamalarda innowasion tehnologiýalaryň hem-de ykdysady netijeliligi ýokary bolan çözgütleriň girizilmegini giňden goldaýandygyny aýdyp, kompaniýanyň mundan beýläk-de täze tehnologiýalary we öndürijiligi ýokary enjamlary ornaşdyrmak arkaly döwlet hem-de sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmakda netijeli işleri alyp barjakdygyna ynam bildirdi.

Ahmet Çalyk bildirilýän ýokary ynam üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz şertnamalaýyn borçnamalaryna mundan beýläk-de örän jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy. Şeýle hem işewür Türkmenistanda netijeli iş alyp barmaga döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Çalyk Holding kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyga alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.