18-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge bagyşlanan işewürlik maslahaty geçirildi. Çäre Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guraldy diýip, «Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
Maslahatyň dowamynda özara haryt dolanyşygyny artdyrmagyň, maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çärä Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Azat Nazarow, Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Bandaru Wilsonbabu, hindi diasporasynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem dag-magdan we derman senagaty, oba hojalygy, ulag, bank işi hem-de gurluşyk ulgamlarynda işleýän hindi kompaniýalarynyň 30-dan gowrak ýolbaşçysy we ýokary derejeli dolandyryjysy gatnaşdy.

Ilçi Bandaru Wilsonbabu çykyşynda türkmen bazarynyň hindi maýadarlary üçin özüneçekijiligi hakda aýratyn nygtady. Onuň aýtmagyna görä, soňky on iki ýylyň dowamynda amala aşyrylan giň gerimli ykdysady özgertmeleriň netijesinde Hindistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini, takmynan, 7,5 göterime ýetýär. Ýurt ýakyn geljekde dünýäniň iri ykdysadyýetleriniň arasynda üçünji orna çykmagy maksat edinýär.
«Hindistan Türkmenistana dostlukly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýar. Ýurtlarymyzy çuňňur taryhy-medeni we siwilizasion gatnaşyklar baglanyşdyrýar» diýip, diplomat iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Öz gezeginde, Azat Nazarow özara söwdanyň möçberlerini artdyrmagyň we täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtady.

Işewürlik gatnaşyklaryny utgaşdyrmakda we işjeňleşdirmekde söwda-ykdysady hem-de ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hindi hökümetara toparynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Maslahat iki ýurduň işewür toparlarynyň uzak möhletleýin, durnukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini ýene-de bir gezek tassyklady.