Hytaýda iPhone Duo sebäpli alypsatarlar zyýan çekýär

Düýn, 18:352,925

iPhone Duo-nyň ilkinji tapgyryny ýokary girdeji gazanmak maksady bilen satyn alan hytaýly alypsatarlar uly zyýana galdylar. Smartfon satylyp başlan dessine, ykjam telefonlaryň ikinji el bazarynda onuň bahasy çalt pese gaçyp başlady.

iPhone Duo-nyň satuwy, takmynan, iki hepde ozal başlapdy. Käbir flagman modelleriniň öňki nesillerinde bolşy ýaly, alypsatarlar bu gezek hem başdaky gytçylykdan peýda görmek isläpdirler. Emma haryda bolan isleg çak edilişinden pes bolup çykdy.

Hytaýly satyjylaryň aýtmagyna görä, enjama bolan isleg belli bir derejede şarniri bilen bagly meseleler we ymykly işlenilmedik programma üpjünçiligi sebäpli hem pese gaçdy. Hançžow şäherindäki Yigao Digital City söwda merkeziniň satyjysynyň gürrüň bermegine görä, häzirki wagtda iPhone Duo-dan alypsatarlaryň ählisi diýen ýaly zyýan çekdi. Käbirleri bolsa elinde galan harytlaryndan on müňlerçe we ýüz müňlerçe ýuan ýitirdi.

Smartfon baradaky maglumatlaryň sosial torlarda we seljerijileriň synlarynda çalt ýaýramagy ýagdaýy has-da çylşyrymlaşdyrdy. Alyjylar enjamy dessin bahalandyrmaga mümkinçilik aldylar, bazarlarda bolsa harydy hödürleýänleriň sany garaşylyşynda-da köp boldy. Netijede, üstüne baha goýmaga mümkinçilik bolmady diýen ýaly.